Futbol muşdaklarynyň iň söýgüli ýaryşy hasaplanýan UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň toparçalarynyň bijeleri çekildi. Çekilen bijä laýyklykda, janköýerlere hemişe bolşy ýaly, ýene-de biri-birinden gyzykly duşuşyklar garaşýar. Aýratynam “Ýuwentus” bilen “Barselonanyň” arasyndaky duşuşyga eýýämden janköýerler sabyrsyzlyk bilen garaşyp başlady. Başgaça aýdylanda, bu duşuşyk iki super ýyldyzyň Kristiano Ronaldo bilen Lionel Messininiň 2 ýyldan soň ýene-de garşy-garşa geljek diýmekdir.

Şeýle-de kubogyň soňky eýesi “Bawariýa” “A” toparçada “Atletiko Madrid”, “Salsburg” hem-de “Lokomotiw Moskwa” toparlary bilen bije çekişdi. Kubogy iň köp eýelän “Real Madridiň” bijesi “B” toparça düşüp, ol “Şahtýor Donesk”, “Inter”, “Borussiýa M” klublary bilen güýç synanyşar.

Toparçalardaky duşuşyklara 20-nji oktýabrda badalga berler.

Dabaranyň dowamynda UEFA-da ýylyň tapawutlanan futbolçylary-da saýlanyp, ýylyň iň gowy oýunçysy diýlip, Bawariýanyň polşaly hüjümçisi Robert Lewandowski yglan edildi.

“A” TOPARÇA: Bawariýa (Germaniýa), Atletiko Madrid (Ispaniýa), Salsburg (Awstriýa), Lokomotiw (Russiýa)
“B” TOPARÇA: Real Madrid (Ispaniýa), Şahtýor Donesk (Ukraina), Inter (Italiýa), Borussiýa Mönhengladbah (Germaniýa)
“C” TOPARÇA: Porto (Portugaliýa), Mançester Siti (Angliýa), Olimpiakos (Gresiýa), Marsel (Fransiýa)
“D” TOPARÇA: Liwerpul (Angliýa), Aýaks (Niderlandlar), Atalanta (Italiýa), Midtýullann (Daniýa)
“E” TOPARÇA: Sewilýa (Ispaniýa), Çelsi (Angliýa), Krasnodar (Russiýa), Renn (Fransiýa)
“F” TOPARÇA: Zenit (Russiýa), Borussiýa Dortmund (Germaniýa), Lasio (Italiýa), Klub Brýugge (Belgiýa)
“G” TOPARÇA: Ýuwentus (Italiýa), Barselona (Ispaniýa), Dinamo Kiýew (Ukraina), Ferençwaroş (Wengriýa)
“H” TOPARÇA: Pari-Sen Žermen (Fransiýa), Mançester Ýunaýted (Angliýa), Leipsig (Germaniýa), Istanbul Başakşehir (Türkiýe)