UEFA Ýewropa Ligasynda çärýek finalyň jogap duşuşygynda Norwegiýadaky oýunda “Bude-Glimt” toparyndan 2-0 asgyn gelen “Lasio” kluby Rimde esasy wagtda umumy hasaby deňlemegi başardy. 21-nji Kastelýanosyň goly bilen öňe geçen italýanlar 90+3-nji minutda Nosliniň goly esasynda ýaryşda galmagyň hötdesinden geldi. Umumy hasapdaky deňligi bozmak üçin goşmaça berlen 30 minutda-da “Lasio” bir gol geçirip, hasam arkaýynlaşdy. Şol goly 100-nji minutda Dia derwezä girizdi. Ýöne ruhdan düşmedik demirgazyklylar 109-njy minutda Helmerseniň goly bilen duşuşygyň wagtynyň hasam uzalmagyna sebäp boldy. 3-1 hasabynda “Lasionyň “ýeňşi bilen tamamlanan hem bolsa 2 oýna seredeniňde deňlik saklanyp galdy (3-3). Penaltilerde “Bude-Glimt” topary 3-2 hasabynda öňe geçdi we ýarym finala çykmagy başardy.

“Bude-Glimt” topary erkekleriň arasyndaky UEFA-nyň ýaryşlarynda ýarym finala çykan ilkinji norweg topary hökmünde taryha girdi.

Angliýanyň “Tottenham” topary myhmançylykda “Aýntrahtdan” 1-0 hasabynda üstün çykdy. Duşuşykdaky ýeke-täk goly 43-nji minutda penaltiden Dominik Solanke geçirdi. Şunlukda, 2 oýnuň netijesi boýunça 2-1 hasabynda öňe geçen “Tottenham” topary adyny ýarym finala ýazdyrdy.

Bir hepde öň Glazgoda golsuz tamamlanan duşuşygyň rewanş oýnunda “Atletik” topary Bilbaoda “Reýnjersi” 2-0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Çekeleşikli geçen oýunda ispan toparynyň gollaryny Oýan Sanset (45+4 p) bilen Niko Williams (80) öz atlaryna ýazdyrdylar. Şeýlelikde, 2-0 hasabynda ýeňiş gazanan “Atletik Bilbao” ýarym finala çykdy.