UEFA-nyň 2-nji de­re­je­li klub ýa­ry­şy bo­lan Ýew­ro­pa Li­ga­syn­da 2022/23 möw­sü­mi­niň çem­pio­ny bel­li bol­dy. Weng­ri­ýa­nyň paý­tag­ty Bu­da­peşt­dä­ki “Puş­kaş Are­na” sta­dio­nyn­da oý­na­lan fi­nal­da Is­pa­ni­ýa­nyň “Se­wil­ýa” to­pa­ry bi­len Ita­li­ýa­nyň “Ro­ma” to­pa­ry du­şuş­dy. Ang­li­ýa­ly An­to­ni Teý­lo­riň emin­lik eden oý­ny diý­seň dart­gyn­ly geç­di. Du­şu­şy­ga 61 476 jan­kö­ýer to­ma­şa et­di.
Oý­na ital­ýan klu­by hü­jüm­ler bi­len baş­lap, olar 35-nji mi­nut­da öňe saý­lan­dy­lar. Bu go­ly Man­çi­ni­niň pa­syn­dan soň ar­gen­ti­na­ly ýyl­dyz hü­jüm­çi Pao­la Di­ba­la ge­çir­di. Du­şu­şy­gyň 1-nji ýa­ry­my 1-0 ha­sap bi­len ta­mam­lan­dy. 2-nji ýa­rym is­pan klu­by hü­jüm­ler bi­len gi­riş­di. Şol hü­jüm­le­riň bi­ri öz oňyn ne­ti­je­si­ni be­rip, ha­sap deň­len­di. Oý­nuň 55-nji mi­nu­tyn­da sag gy­ra­dan He­sus Na­wa­syň je­ri­me meý­dan­ça­sy­nyň içi­ne ge­çi­ren to­pu­ny Man­çi­ni ýal­ňyş­lyk bi­len öz der­we­ze­sin­den gi­riz­di.
Esa­sy wag­tyň ga­lan mi­nut­la­ryn­da klub­la­ryň eden ta­gal­la­la­ry ha­sa­by üýt­get­mek üçin ýe­ter­lik bol­ma­dy. Goş­ma­ça 30 mi­nut­da-da il­ki “Se­wil­ýa”, soň­ra “Ro­ma” öňe saý­lan­mak üçin hü­jüm­le­ri­ni art­dyr­dy. Ýö­ne iki ta­ra­pa-da ha­sa­by üýt­get­mek ba­şart­ma­dy. Ne­ti­je­de, ýe­ňi­ji­ni 11 metr­lik ur­gu­la­ry kes­git­le­me­li edil­di. Bu ur­gu­la­ryň ba­şy­ny baş­lan “se­wil­ýa­ly­lar” ýe­ke ge­zek hem ýal­ňyş­ma­dy­lar. “Se­wil­ýa­nyň” adyn­dan Okam­pos, La­me­la, Ra­ki­tiç, gaý­ta­dan ýe­ri­ne ýe­ti­ren Mon­ti­el da­gy­ny ur­gu­la­ry ta­kyk bol­dy. “Ro­ma­dan” Kris­tan­te şow­ly baş­lan hem bol­sa, to­par­daş­la­ry – Man­çi­ni­niň ur­gu­sy­ny der­we­ze­çi sow­dy. Iban­ýe­siň ur­gu­sy bol­sa sü­tün­den yzy­na gaýt­dy. Şun­luk­da, 11 metr­lik ur­gu­la­ryn­da 4-1 öňe saý­la­nan “Se­wil­ýa” to­pa­ry 3 ýyl­lyk ara­kes­me­den soň 7-nji ge­zek Ýew­ro­pa Li­ga­sy­nyň çem­pi­on­ly­gy­ny ga­zan­dy. An­da­lu­si­ýa­ly­lar mun­dan ozal 2006-njy we 2007-nji ýyl­lar­da yz­ly-yzy­na 2, soň­ra 2014-nji, 2015-nji hem-de 2016-njy ýyl­lar­da bas­syr 3 ge­zek, soň­ky sa­par hem 2020-nji ýyl­da UEFA-nyň 2-nji de­re­je­li ku­bo­gy­ny ga­za­nyp­dy­lar. Bu ugur­da öz­le­ri bi­len bäs­leş­ýän “Se­wil­ýa” to­pa­ry­na iň go­laý klub­la­ryň 3 çem­pi­on­ly­gy bar.

* Duşuşygyň iň ökde oýunçysy diýlip, Sewilýanyň marokkoly derwezeçisi Ýassin Bunu saýlandy.

* Ispan klublary 14-nji gezek kubogy eýeläp, olar bu ugurda 9 çempionlygy bolan iňlisdir italýan klublaryndan öňde barýarlar.

* “Sewilýanyň” tälimçisi Hose Luis Mendilibar 62 ýaş 78 gün bilen bu kubogy gazanan iň ýaşuly tälimçi rekordyny Maurizio Sarriden (60 ýaş 139 gün) almagy başardy.

* Tälimçi Mourionio, şol sanda 13 futbolça, jemi 14 sary kart görkezilip, bu rekorda deňdir.

* “Sewilýa” topary Ýewropa Ligasynda pleý-off tapgyrlarynda 50-den köp duşuşyk geçiren ilkinji topar boldy (52 oýun)

* Mundan öň UEFA-nyň ýaryşlaryndaky 5 finalynda-da kubogy eýelän Žoze Mourinio ilkinji gezek finalda asgyn geldi.

* “Sewilýa” topary täze möwsümde UEFA Çempionlar Ligasyna gatnaşar.

“SE­WIL­ÝA”: Bu­nu – He­sus Na­was (k) (Gon­za­lo Mon­ti­el 94), Lo­ik Ba­de, Ne­man­ýa Gu­delž (Mar­kao 120+8), Aleks Tel­les (Ka­rim Re­kik 94) – Fer­nan­do (Jo­an Jor­dan 120+8), Iwan Ra­ki­tiç – Lu­kas Okam­pos, Oli­wer Tor­res (Su­so 46), Bra­ýan Gil (Erik La­me­la 46) – Ýus­sef En-Ne­si­ri; Tä­lim­çi Ho­se Lu­is Men­di­li­bar.
“RO­MA”: Rui Pat­ri­sio – Jan­lu­ka Man­çi­ni, Kris Smol­ling, Ro­jer Iban­ýes – Ze­ki Çe­lik (Ni­ko­la Za­lews­ki 91), Bra­ýan Kris­tan­te, Ne­man­ýa Ma­tiç (Edoar­do Bo­we 120), Leo­nar­do Spi­naz­zo­la (Die­go Llo­ren­te 106) – Lo­ren­zo Pel­leg­ri­ni (k) (Ste­fan El-Şaa­ra­wi 106), Pau­lo Di­ba­la (Je­or­ji­nio Weý­nal­dum 68), To­ni Ab­ra­ham (And­rea Be­lot­ti 74); Tä­lim­çi: Žo­ze Mou­ri­nio