Çempionlar hem-de Ýewropa ligalarynyň ýeňijileriniň arasyndaky UEFA Super Kubogy duşuşygynda “Çelsi” ýeňiş gazandy. Çempionlar ligasynyň çempiony “Çelsi” Demirgazyk Irlandiýanyň paýtagty Belfastdaky “Windsor Park” stadionynda oýnalan oýunda “Wilýarreal” bilen duşuşdy. Çekeleşikli geçen oýunda 27-nji minuda Hakim Ziýeş “Çelsini” öňe saýlady. “Wilýarreal” topary-da 73-nji minutda Žerar Morenonyň goly bilen hasaby deňledi. Duşuşygyň galan minutlarynda tapawutlanmak iki topara-da başartmady. Goşmaça berlen 30 minutda-da üýtgän zat bolmady. Netijede, penalti urgulary ýerine ýetirilip, bu urgularda 6-5 öňe saýlanan “Çelsi” 1998-nji ýyldan soň taryhynda ikinji sapar UEFA Super Kubogyny gazandy.

Şeýlelikde, iňlis klublary UEFA Super Kubogyny 9-njy gezek eýeläp, bu ugurda italýanlar bilen deňleşdi. Ispan toparlary UEFA-nyň bu arzyly kubogyny 15 gezek eýeläp, olar 1-nji orunda barýarlar.