Ýakyn wagtda Abu-Dabide uglerod zyňyndysy nola deň bolan dünýädäki ilkinji metjit açylar. Täze binanyň taslamasy “Masdar City” taslamasynyň çäklerinde durmuşa geçirildi. Ol adaty gurluşyk tehnikalaryny häzirki zaman durnukly ösüş tehnologiýalary bilen birleşdirýär. Binadaky elektrik energiýasy tutuşlygyna diýen ýaly Gün panellerinden alynýar. Metjit gurlanda Britaniýanyň “Arup” firmasynyň arhitektorlary tarapyndan passiw sowadyş ulgamy, şeýle hem akylly sensorlar we serişdeleri tygşytlamak ýörelgeleri göz öňünde tutulypdyr. Bu bolsa binada energiýa sarp edilişiniň üçden bir bölegini, suwuň sarp edilişiniň bolsa ýarysyndan gowragyny azaltmaga ýardam edýär. 1300 orunlyk metjitde Günden goranmak üçin bassyrmalar, izolýasiýa ediji, şöhläni serpikdiriji birnäçe materiallardan peýdalanyldy.
Mährem BABAMYRADOWA, Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň talyby.