Hormatly Prezidentimiz dünýä döwletleriniň özara sazlaşykly ösüşine ýardam edýän durnukly ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmäge gönükdirilen halkara başlangyçlary öňe sürýär hem-de şol başlangyçlaryň gaýragoýulmazdan durmuşa geçirilmegine uly ähmiýet berýär. Şunda ulag-üstaşyr hyzmatdaşlygynyň halkara hukuk esaslarynyň kämilleşdirilmegine aýratyn üns berilýär.
Şunuň bilen baglylykda, 2025-nji ýylyň 11-nji aprelinde döwlet Baştutanymyzyň çuňňur oýlanyşykly başlangyjy esasynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «BMG-niň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyny geçirmegiň tertibine goşmaça maglumat» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap Watanymyzyň hoşniýetlilik, parahatçylyk söýüjilik ýörelgesine esaslanýan daşary syýasatynyň barha dabaralanýandygyny görkezýär. Bu wajyp halkara resminama şu ýylyň awgust aýynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek BMG-niň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan uly goldawa eýe bolup durýandygyny tassyklaýar. Bilşimiz ýaly, 2020-nji ýylda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji mejlisinde Türkmenistanyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda BMG-niň çäklerinde işjeňligiň dowamy hökmünde ulag-üstaşyr geçelgelerini ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanda Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ministrleriniň halkara maslahatyny geçirmek teklip edildi. Munuň özi adatdan daşary ýagdaýlar döwründe durnukly halkara ulag gatnawyny üpjün edýän täze halkara-hukuk guralyny döretmekligiň zerurlygyndan ýüze çykýan çemeleşme bolup durýar.
2022-nji ýylda Awazada halkara hem-de sebitara guramalaryň gatnaşmagynda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň halkara maslahatynyň geçirilmegi, onuň dowamynda durnukly üstaşyr ulag geçelgelerini döretmek ýaly möhüm meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylmagy ýurdumyzyň halkara gatnaşyklarda parahatçylyk we ynanyşmak ýörelgelerini berkarar etmek boýunça başlangyçlaryna ýokary baha berilýändigini görkezdi. Türkmenistanda halkara ýol-gurluşyk düzümleriniň binýadynyň yzygiderli pugtalandyrylmagy ýurdumyzyň dünýäniň halkara ýollaryna birleşmegine uly itergi berýär. Döwrebap ýollar eziz Watanymyzyň dostluk, ynsanperwerlik we ösüş babatdaky maksatlaryny alys ýurtlara ýetirýär. Döwletimiziň Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeldip, alysdaky ýurtlar bilen gatnaşyk etmek mümkinçiliginiň ykdysady bähbitler bilen birlikde, ruhy-intellektual ösüşlere hem itergi berýändigi gürrüňsiz hakykatdyr. Türkmenistanda halkara derejeli döwrebap ulag düzümleriniň kemala gelmegi bilen, ýurduň halkara üstaşyr ulag geçirijilik kuwwaty has ýokarlandy. Şunuň özi hem dünýäniň ösen hojalyk ulgamyny kemala getirmekde Bitarap Türkmenistanyň öz halkara syýasy-hukuk derejesinden gelip çykýan ýörelgelerini aýdyň kesgitledi.
Häzirki döwürde milli ykdysadyýetiň pudaklaryna sanly ulgam, «akylly» we «ýaşyl» tehnologiýalar giňden ornaşdyrylar. Türkmenistany çalt depginde möhüm yklymara ulag çatrygyna öwürmekde aragatnaşyk pudagynyň häzirki zaman dünýä ülňüleriniň derejesine çykarmak esasy wezipe bolup durýar. Öňdebaryjy tehnologiýalara esaslanýan giň gerimli aragatnaşyk ulgamyny döretmek, aragatnaşyk hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak hem görnüşlerini artdyrmak boýunça iri taslamalar durmuşa geçirilýär. «Türkmenistanda pudagara elektron maglumat alşygy ulgamynyň ornaşdyrylmagyna ýardam bermek hakynda» taslamanyň çäklerinde «X-Road» platformasyny ornaşdyrmak boýunça işler alnyp barylýar. Bu platforma döwlet edaralarynyň arasynda maglumatlary has çalt we ygtybarly alyşmaga ýardam eder.
Batyr JUMAÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň Mary welaýaty boýunça müdirliginiň harby gullukçysy, maýor.