Tennis boýunça möwsümiň 1-nji “Uly tuwalga” ýaryşy “Awstraliýa Açyk” tamamlandy. 114-nji gezek geçirilen ýaryşda erkekleriň hem-de zenanlaryň arasynda täze çempionlar ýüze çykdy. Erkekleriň arasynda ispaniýaly Karlos Alkaras ýeňiji bolup, ol 2,8 million amerikan dollaryna golaý (4 million 150 müň awstraliýa dollary) pul baýragy bilen sylaglandy.
Erkekleriň arasyndaky finalda sanawyň 1-nji belgili tennisçisi, ispaniýaly Karlos Alkaras bilen 4-nji basgançakdaky, serbiýaly Nowak Jokowiç duşuşdy. 3 sagat 2 minutda tamamlanan finalda haýsy tennisçi ýeňiş gazansa-da, taryhy çempionlyga ýetmelidi. Netijede, 4 setde tamamlanan finalyň ýeňijisi Alkaras boldy. 1-nji setde Jokowiç 6:2 hasabynda üstün çykdy. 2-nji setde-de şol netije hasaba alnyp, ýöne bu gezek Alkaras ýeňiş gazandy. 3-nji setde 6:3 hasabynda ýeňiş gazanan tarap ispaniýaly tennisçi boldy. Çekeleşikli geçen 4-nji setde 11-12-nji oýunlarda Jokowiçiň tagallasy duşuşygy 5-nji sete eltmäge ýetmedi we Alkaras 7:5 hasabynda üstün çykyp, taryhy çempionlyk gazandy. Ol “Awstraliýa Açykda” ilkinji çempionlygyny baýram edip, “Karýera Uly tuwalga” (Career Grand Slam) derejesine ýeten iň ýaş tennisçi boldy (22 ýaş 8 aý 27 gün). Ýagny Alkaras 4 “Uly tuwalgany” hem gazanan iň ýaş tennisçi bolup, ol watandaşy Rafael Nadalyň rekordyny täzeledi (24 ýaş). Ol ähli döwürleri hasaba alanyňda, 4 “Uly tuwalgada” hem çempionlyk gazanan 9-njy tennisçi bolmagy başardy (Fred Perri, Don Baj, Rod Lawer, Roý Emerson, Andre Agassi, Rojer Federer, Rafael Nadal, Nowak Jokowiç). Şeýle-de, bu onuň 7-nji “Uly tuwalga” çempionlygy bolup, ol “Amerika Açykda” 1 (2022), “Wimbledonda” (2023, 2024) hem-de “Fransiýa Açykda” (2024, 2025) 2 gezek ýeňiş gazandy.

Ýeri gelende bellesek, Alkarasdan öň Federer bilen Nadal hem “Awstraliýa Açykdaky” ilkinji çempionlyklaryny 22 ýaşynda gazanypdylar. Şol sanda Alkarasyň häzirki wagtda esasy bäsdeşi Ýannik Sinner hem bu ýerdäki ilkinji çempionlygyny 22 ýaşynda gazanmagyň hötdesinden geldi. Alkaras ussatlar bilen deňeşdirilende, 22 ýaşynda Nadalyň 4, Federer bilenem Jokowiçiň 1 “Uly tuwalga” kubogy bardy.
PDF









