Ýurdumyzda halkymyzyň saglygyny berkitmekde, saglygy goraýyş ulgamynyň işini kämilleşdirmekde we döwrebap özgertmeleri amala aşyrmakda, milli lukmançylyk ylmyny dünýä derejesine çykarmak, ýurdumyzyň bu ulgamda täze üstünlikleri gazanmagyny üpjün etmekde esasy resminama bolan «Saglyk» Döwlet maksatnamasy tapgyrlaýyn üstünlikli durmuşa geçirilýär.
Ýurdumyzyň şäherlerinde we obalarynda häzirki zaman lukmançylyk enjamlary we esbaplary, dünýä tejribesi üpjünçilikli, uzak aralykdan çylşyrymly operasiýalary geçirmäge mümkinçilikli hassahanalar döredildi. Paýtagtymyzda we welaýat merkezlerinde göz, kelle-boýun, diş, ýürek-damar, şikesler, onkologiýa, şeýle hem ýokanç keselleriň öňüni alýan we bejerýän halkara derejeli merkezler hem-de hassahanalar ilatyň hyzmatyna berilýär.
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti Garaşsyz we hemişelik Bitarap Türkmenistanda Saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamy üçin lukmançylygyň ähli ugurlary boýunça ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlaýan ýeke-täk ýokary okuw mekdebidir. Lukmançylyk uniwersitetine degişli Göz, Diş, Enäniň we çaganyň saglygy goraýyş ylmy-okuw merkezleri hereket edýär. Olarda talyp ýaşlar nazaryýetde alan bilimlerini amaly işlerde, ýagny operasiýalarda, ylmy maslahatlarda, ýörite okuwlarda, synag sapaklarynda berkidýärler. Talyplarymyz halkara derejesinde geçirilýän olimpiadalarda ylmy işler bilen çykyş edýärler, baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar.
Biziň uniwersitetimiz ordinatorlary, aspirantlary, doktorantlary taýýarlaýar. Olara tejribeli, zehinli, ýokary ylmy derejeli mugallymlar ýolbaşçylyk edýärler. Ýokary okuw mekdebimiz daşary ýurtlaryň ösen ylmy merkezleri, hassahanalary bilen ýakyn hyzmatdaşlykda bolup, mugallymlaryň, talyplaryň kämilleşmeklerini guraýar. Saglygy goraýyş ulgamynyň obýektleriniň innowasion tehnologiýalarda keselleriň öňüni alyş we bejeriş çärelerini geçirmekde, şeýle hem ýurdumyzyň orta hünär lukmançylyk okuw mekdeplerine degişli kömegini berýär. Welaýatlardaky lukmançylyk orta hünär okuw mekdepleriniň mugallymlary bilen hünär kämilleşdiriş okuwlary guralýar, tejribe işlerini geçirýär.
Häzirki döwürde lukmançylyk uniwersiteti bilen köpsanly daşary ýurtlaryň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň, ylmy-kliniki merkezleriniň arasynda ysnyşykly, birek-birege bähbitli gatnaşyklar ýola goýuldy. Bu babatda lukmançylyk uniwersiteti bilen Pekiniň adaty hytaý lukmançylygy uniwersitetiniň, Belarus döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň, Russiýa Federasiýasynyň Saglygy goraýyş ministrliginiň «Gelmgols adyndaky Moskwa göz keselleriniň ylmy-barlag instituty» federal döwlet býujet edarasynyň, Russiýa Federasiýasynyň Saglygy goraýyş ministrliginiň ýokary bilimiň Federal döwlet býujet bilim beriş edarasy «Astrahan döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň» hem-de Rumyniýanyň Karol Dawila adyndaky Lukmançylyk we farmasewtiki uniwersitetiniň arasynda Ylalaşyklara gol çekildi.
Hyzmatdaşlygyň çäklerinde keselleri bejermegiň we olaryň öňüni almagyň döwrebap usullaryny amaly saglygy goraýşa ornaşdyrmak boýunça işler alnyp barylýar, lukmançylygyň dürli ugurlary boýunça türkmen hünärmenleriniň hünär derejelerini ýokarlandyrmak boýunça okuwlar geçilýär.
Ýakynda Russiýa Federasiýasynyň Altaý ülkesiniň Belokuriha şäherinde geçirilen «ALTAÝ-AZIÝA 2024»: «Altaý – Aziýa 2024: Ýewraziýa bilim giňişligi – täze maksatlar we öňdebaryjy tejribeler» atly VI Halkara Bilim Forumynda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti Aziýa uniwersitetleriniň assosiasiýasynyň täze agzasy hökmünde resmi taýdan kabul edildi.
Eziz Watanymyzyň dünýädäki abraý-mertebesini has-da belende göterýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun, beýik işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!
Güljahan Hojamberdiýewa,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň kafedra müdiri.