Amerikan hünärmenleri orbitada iň köne emeli jisim bolan «Vanguard 1» hemrasyny Ýere yzyna getirmek meýilnamasyny teklip etdi. 67 ýyl mundan ozal uçurylan enjamy kosmosda uzak wagtlap bolandan soň öwrenmek we kosmos eýýamynyň özboluşly eksponaty hökmünde saklap galmak isleýärler.