“Halkara parahatlyk we ynanyşmak” adyna eýe bolan 2025-nji ýylda geçirilen çäreleriň çäklerinde Çärjew etrap häkimliginde Watan goragçylarynyň gününe bagyşlanyp etrap häkimligi, Çärjew etrabynyň jemgyýetçilik guramalary tarapyndan “Watan goragçylaryna şöhrat!” ady bilen baýramçylyk dabarasy geçirildi. Baýramçylyk dabarasyna Watan goragçylary, Çärjew etrap prokuraturasyndan, Çärjew etrap polisiýa bölüminden, Çärjew etrap harby wekilliginden, Çärjew etrap jemgyýetçilik guramalaryndan, şeýle-de dilleri senaly, il sylagly gojalarymyz gatnaşdylar. Dabaranyň dowamynda Çärjew etrap prokurorynyň uly kömekçisi S.Azatkulyýewa, Çärjew etrap polisiýa bölüminiň başlygy D.Döwletow, Çärjew etrabynyň N.Gutlyýew adyndaky geňeşliginiň ýaşaýjysy A.Babaýew dagy çykyş etdiler.
Dabaraly baýramçylyk maslahatynyň esasy maksady ýurdumyzyň goranyş kuwwatynyň sarsmaz sütüni bolan ýaragly güýçlerimiziň hatarynda wepalylygyň ajaýyp nusgasyny görkezip, Milli Goşunymyzyň ýokary derejedäki höwesjeň taýýarlygyny üpjün edýän häzirki zamanyň dünýä ülňülerine laýyk gelýän çylşyrymly söweş tehnikalaryna erk edýän kämil watançy ýaşlaryň kemala gelmegini wagyz etmekden ybaratdyr.
Pursatdan peýdalanyp türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy, bütin türkmen halkyny, ildeşlerimizi Watan goragçylarynyň güni bilen mähirli gutlaýarys.
Goý, Eziz Watanymyzyň asmany arassa, ilimiz parahat bolsun!

Nasiba Durdybaýewa, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Çärjew etrap komitetiniň buhgalteri.