Wa­tan go­ra­gy mu­kad­des­li­giň go­ra­gy­dyr, mert­lik mek­de­bi­dir, be­lent borç­dur. Şo­ňa gö­rä-de, her ýy­lyň 27-nji ýan­wa­ryn­da ýur­du­myz­da Wa­tan go­rag­çy­la­ry­nyň gü­ni uly da­ba­ra­la­ra bes­le­nip bel­le­nil­ýär. «Ga­raş­syz, ba­ky Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan – be­dew bat­ly at-my­ra­dyň me­ka­ny» ýy­lyn­da hem ýur­du­my­zyň äh­li kün­je­gin­de bu baý­ram­çy­lyk uly da­ba­ra­lar bi­len bel­le­nip ge­çi­ler.
Bin­ýa­dy berk­den tu­tu­lan Ýa­rag­ly Güýç­le­ri­mi­ziň gu­ry­ýer, har­by-ho­wa, har­by-de­ňiz we ho­wa hü­jü­min­den go­ran­mak go­şun­la­ryn­da berk tak­ti­ki taý­ýar­lyk­ly, yn­san­per­wer­lik ýö­rel­ge­le­ri esa­syn­da ter­bi­ýe­le­nen, hä­zir­ki za­ma­nyň öň­de­ba­ry­jy teh­no­lo­gi­ýa­la­ryn­dan baş çy­kar­ýan, kä­mil bi­lim­li har­by gul­luk­çy­lar gi­je­si­ni gün­diz edip, Wa­tan go­ra­gyn­da sak dur­ýar­lar. Şo­nuň üçin hem her ýyl Wa­ta­na we­pa­ly­ly­gyň be­lent nus­ga­sy­ny gör­kez­ýän har­by gul­luk­çy­lar döw­let sy­lag­la­ry bi­len sy­lag­lan­ýar. Mu­nuň özi mer­da­na Wa­tan go­rag­çy­la­ry­ny mun­dan beý­läk-de ak ýü­rek­den gul­luk et­mä­ge hö­wes­len­dir­ýär.
Türk­men hal­ky ta­ry­hyň äh­li dö­wür­le­rin­de Wa­ta­ny go­rap, mert­li­gi, eder­men­li­gi we gaý­duw­syz­ly­gy bi­len ta­na­lyp­dyr. Ata-ba­ba­la­ry­myz üçin Wa­tan di­ňe bir ýa­şa­ýan ýe­ri bol­man, eý­sem, na­my­syň, mer­te­bä­niň we mu­kad­des­li­giň ny­şa­ny bo­lup­dyr. Şu ru­hy mi­ras hä­zir­ki dö­wür­de hem ýaş nes­liň ter­bi­ýe­sin­de mö­hüm orun eýe­le­ýär. Har­by gul­luk döw­rün­de ra­ýat di­ňe har­by taý­ýar­lyk bi­len çäk­len­män, sa­byr­ly­ly­gy, ter­tip­li­li­gi, jo­gap­kär­çi­li­gi, kyn­çy­lyk­la­ra döz gel­me­gi, ýol­daş­la­ry­na da­ýa­nyp he­re­ket et­me­gi, bir mak­sa­da gul­luk et­me­gi öw­ren­ýär. Bu­la­ryň äh­li­si mert­lik mek­de­bi­niň aý­ryl­maz bö­le­gi­dir.
Alym Ar­ka­da­gy­my­zyň «Mert­ler Wa­ta­ny beý­geld­ýär», «Mert ýi­git­ler gaý­rat üçin do­gul­ýar» at­ly eser­le­rin­de Wa­ta­ny söý­me­giň we ony go­ra­ma­gyň her bir yn­san üçin mukaddes borç­du­gy, türk­men hal­ky­nyň ta­ry­hyn­da Oguz han, Gö­rog­ly beg, Tog­rul beg we Çag­ry beg ýa­ly mer­da­na şah­sy­ýet­le­riň go­ýup gi­den gah­ry­man­çy­lyk­ly ýo­lu­nyň Wa­tan go­rag­çy­la­ry üçin nus­ga­lyk mek­dep­di­gi beýan edilip, Wa­ta­n mu­kad­des­li­gi­ni ene mäh­ri we oja­gyň mu­kad­des­li­gi bi­len de­ňeş­dir­megi bol­sa ýaş­la­ryň wa­tan­çy­lyk ru­hu­ny gal­kyn­dyr­ýar.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz «Ýaş­lar – Wa­ta­nyň da­ýan­jy» at­ly ese­rin­de: «Biz mer­da­na Wa­tan go­rag­çy­la­ry­nyň öz mu­kad­des borç­la­ry­ny yh­las­ly hem dö­re­di­ji­lik­li gul­luk bi­len my­na­syp ýe­ri­ne ýe­tir­mek­le­ri üçin äh­li şert­le­ri dö­red­ýä­ris» di­ýip bel­le­ýär. Bu bol­sa her bir har­by gul­luk­çy­ny mun­dan beý­läk-de eziz Wa­ta­ny­my­zyň mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­ny, özyg­ty­ýar­ly­ly­gy­ny, çäk bi­te­wü­li­gi­ni, kons­ti­tu­si­on gur­lu­şy­ny, döw­let ser­he­di­mi­ziň mi­ze­mez­li­gi­ni go­ra­mak, ýur­du­my­zyň howp­suz­ly­gy­ny, jem­gy­ýet­çi­lik asu­da­ly­gy­ny, mil­li ka­nun­çy­ly­gy­my­zy hem-de hu­kuk ter­ti­bi­ni üp­jün et­mek ug­run­da jan aýa­man zäh­met çek­mä­ge, Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bitarap Wa­ta­ny­my­za, mäh­ri­ban hal­ky­my­za, hormatly Prezidentimize ak ýü­rek­den bir­kem­siz gul­luk et­mä­ge ruh­lan­dyr­ýar.
Türk­me­nis­ta­nyň Kons­ti­tu­si­ýa­sy­nyň 20-nji mad­da­syn­da: «Döw­le­tiň özyg­ty­ýar­ly­ly­gy­ny we howp­suz­ly­gy­ny go­rap sak­la­mak üçin Türk­me­nis­ta­nyň Ýa­rag­ly Güýç­le­ri bar­dyr» diý­lip ber­ki­di­len. Esa­sy Ka­nu­ny­my­zyň 58-nji mad­da­syn­da bol­sa, Türk­me­nis­ta­ny go­ra­ma­gyň her bir ra­ýa­tyň mu­kad­des bor­ju­dy­gy hem-de Türk­me­nis­ta­nyň ra­ýa­ty bo­lan her bir er­kek adam üçin äh­lu­mu­my har­by borç­lu­ly­gyň bel­le­nen­di­gi ba­ra­da­ky kons­ti­tu­si­on ka­da kes­git­le­nen.
Hä­zir­ki za­man har­by gul­lu­gy di­ňe bir har­by taý­ýar­lyk däl, eý­sem, iň döw­re­bap teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň we po­lat ýa­ly berk ter­tip-düz­gü­niň ut­ga­şan ul­ga­my­dyr. Hor­mat­ly Prezidentimiziň baş­tu­tan­ly­gyn­da bu ul­gam düý­bün­den tä­ze hi­le gö­te­ri­lip, Türk­me­nis­ta­nyň Ýa­rag­ly Güýç­le­rin­de san­ly yk­dy­sa­dy­ýet we in­no­wa­si­on teh­no­lo­gi­ýa­lar giň­den or­naş­dy­ryl­ýar. Go­şu­ny­my­zyň dü­zü­mi dün­ýä­niň iň ösen har­by teh­ni­ka­la­ry bi­len üp­jün edil­ýär. Wa­tan go­rag­çy­la­ry­nyň di­ňe bir be­den taý­dan däl, eý­sem, mag­lu­mat­lar gi­ňiş­li­gin­de hem Wa­ta­ny go­ra­ma­ga ukyp­ly bol­ma­gy­na uly üns be­ril­ýär. Hä­zir­ki za­man es­ge­ri döw­re­bap teh­ni­ka­la­ry do­lan­dyr­ma­ly, da­şa­ry ýurt dil­le­ri­ni bil­me­li, çyl­şy­rym­ly stra­te­gi­ki we tak­ti­ki we­zi­pe­le­ri çöz­mä­ge ukyp­ly bol­ma­ly.
Ga­raş­syz­lyk ýyl­la­ry için­de Mil­li go­şu­ny­my­zyň kuw­wa­ty yzy­gi­der­li art­dy­ryl­ýar, mad­dy-en­jam­la­ýyn bin­ýa­dy pug­ta­lan­dy­ryl­ýar. Biz mu­ňa ge­çen ýyl­da ge­çi­ri­len da­ba­ra­ly har­by ýö­ri­şiň do­wa­myn­da hem göz ýe­tir­dik. Da­ba­ra­ly har­by ýö­riş­den ge­çen hä­zir­ki za­ma­nyň iň kä­mil sö­weş­jeň ýa­rag­la­ry, har­by we ýö­ri­te teh­ni­ka­la­ry Mil­li go­şu­ny­my­zyň go­ra­nyş kuw­wa­ty­nyň berk­di­gi­ni bü­tin dün­ýä äş­gär et­di.
Şeý­le hem har­by gul­luk­çy­la­ryň ýa­şa­ýyş-dur­muş, gul­luk, iş şert­le­ri­ni go­wu­lan­dyr­mak ba­ra­da ýa­daw­syz ta­gal­la­lar edil­ýär, Ýa­rag­ly Güýç­le­ri­mi­ziň dü­züm­le­ri­ne de­giş­li ýo­ka­ry amat­lyk­ly tä­ze bi­na­lar­dyr des­ga­lar top­lum­la­ry yzy­gi­der­li gu­rul­ýar.
Wa­tan go­rag­çy­la­ry­nyň gü­ni ýur­du­my­za bo­lan söý­gi­mi­zi, hal­ky­myz bi­len Mil­li go­şu­ny­my­zyň je­bis­li­gi­ni şöh­le­len­dir­ýär. Bu şan­ly se­nä­niň ulu­dan toý­lan­ma­gy bag­ty­ýar ra­ýat­la­ry­my­zyň wa­tan­çy ogul-gyz­la­ry­na bo­lan yna­my­ny hem-de buý­san­jy­ny da­ba­ra­lan­dyr­ýar. Baý­ram­çy­lyk my­na­sy­bet­li ge­çi­ril­ýän çä­re­ler­de har­by gul­luk­çy­lar halk ha­ky­da­sy­nyň öç­me­jek ny­şa­ny­na öw­rü­len Wa­ta­nyň we­pa­ly ogul­la­ry­nyň, ýurt go­ran mer­da­na ger­çek­le­riň ha­ty­ra­sy­na gül çe­men­le­ri goý­ýar­lar, Wa­ta­ny ja­nyn­dan iler­de go­ýan ata-ba­ba­la­ry­my­zyň, mil­le­tiň ogul­la­ry­nyň öňün­de baş egip, ru­hy tag­zym ed­ýär­ler.
Wa­tan go­ra­gy her bir ada­myň dur­mu­şyn­da iň be­lent, mu­kad­des borç­la­ryň bi­ri­dir. Ol di­ňe har­by bor­jy ýe­ri­ne ýe­tir­mek bi­len çäk­len­män, eý­sem, Wa­ta­na bo­lan söý­gi­niň, we­pa­ly­ly­gyň, mert­li­giň we ru­hu­be­lent­li­giň be­ýik mek­de­bi­dir. Bu mek­dep­de ter­bi­ýe­le­nen ýaşlar di­ňe bir Wa­ta­ny go­rap bil­ýän ra­ýat däl, eý­sem, dur­muş­da hem dog­ru­çyl, jo­gap­kär­li we ru­hy taý­dan berk şah­sy­ýet bo­lup ýe­tiş­ýärler. Pa­ra­hat­çy­lyk döw­rün­de hem Wa­ta­ny go­ra­mak mert­li­gi ta­lap ed­ýär. Ha­lal zäh­met çek­mek, ka­nun­la­ra hor­mat goý­mak, jem­gy­ýet­de ada­lat­ly bol­mak hem mert­lik­dir. Şo­nuň üçin Wa­tan go­ra­gy her bir ne­sil üçin be­lent ter­bi­ýe mek­de­bi bo­lup dur­ýar.
Umu­man, Wa­tan go­ra­gy mert­lik mek­de­bi bo­lup, ol adam­da be­lent ah­lak­ly­ly­gy, wa­tan­çy­ly­gy, eder­men­li­gi we yn­san­per­wer­li­gi ter­bi­ýe­le­ýär. Bu mek­dep­den ge­çen her bir adam Wa­ta­ny­na, hal­ky­na we har­by ka­sa­my­na we­pa­ly bo­lup, jem­gy­ýe­tiň yg­ty­bar­ly da­ýan­jy­na öw­rül­ýär.

Akmyrat AŞYROW,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň ylmy işgäri.