Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň hem-de Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da ösüş­ler­den-ösüş­le­re bar­ýan il-ul­su­my­zyň kal­byn­da Wa­tan, Ga­raş­syz­lyk, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­lyk mu­ka­my be­lent­den-be­lent ýaň­lan­ýar. Wa­tan dü­şün­je­si örän uly we çuň ma­na eýe bol­mak bi­len, her bir yn­sa­nyň di­li­niň se­na­sy, kal­by­nyň joş­gu­ny bo­lup dur­ýar.
Wa­tan – bu ada­myň gö­bek ga­ny­nyň da­man, dog­lan ýe­ri, ça­ga­ly­gy­nyň, iň şat­lyk­ly gün­le­ri­niň geç­ýän ýe­ri, do­gan-ga­ryn­daş­la­ry­nyň, dost-ýar­la­ry­nyň ýa­şa­ýan ýe­ri. Şo­nuň üçin hem ata Wa­tan, ene top­rak her bir yn­san üçin mu­kad­des­dir, ke­rem-ke­ra­mat­dyr. Wa­tan eziz­li­gi­ni söz bi­len be­ýan et­mek müm­kin däl.
Wa­tan mu­kad­des­li­gi ha­kyn­da söz açy­lan­da, Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň: «Wa­tan bi­ziň her bi­ri­miz üçin el­ýet­mez mer­te­be­dir. Mu­nuň hem se­bä­bi, Wa­tan söý­gü­si soň­lan­ýan däl­dir. Wa­ta­na söý­gi he­mi­şe jo­şup du­ran mu­kad­des duý­gu­dyr. Şeý­le bo­lan­ly­gy üçi­nem di­ňe mert­ler, Wa­ta­nyň mert ogul­la­ry Wa­ta­ny beý­geld­ýär­ler» di­ýen pa­ra­sat­ly se­tir­le­ri se­ri­ňe dol­ýar. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň ki­tap­la­ry­nyň bi­ri­ni «Ga­raş­syz­ly­ga gu­wan­mak, Wa­ta­ny, hal­ky söý­mek bagt­dyr» di­ýip at­lan­dyr­ma­gy bi­ziň üçin nus­ga­lyk bo­lup, hal­kyň ma­ny­ly ýa­şaý­şy­nyň, Wa­ta­nyň gym­ma­ty­na dü­şün­me­giň, zäh­met­de uly üs­tün­lik­ler ga­zan­ma­gyň, be­lent mak­sat­la­ra ýet­me­giň öze­ni­ne öw­rül­di. Gah­ry­man
Ar­ka­da­gy­my­zyň «Mert­ler Wa­ta­ny beý­geld­ýär», «Wa­tan go­ra­gy mu­kad­des­dir», «Mert ýi­git­ler gaý­rat üçin do­gul­ýar» ýa­ly en­çe­me wa­tan­çy­lyk ça­gy­ryş­ly ki­tap­la­ry her bir yn­san üçin ba­ha­sy­na ýe­tip bol­ma­jak baý­lyk­dyr.
Akyl­dar şa­hyr Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň goş­gu­la­ryn­da wa­tan­sö­ýü­ji­li­giň be­lent was­py giň­den be­ýan edil­ýär. Şa­hy­ryň dür­li mow­zuk­da­ky goş­gu­la­ry­nyň ara­syn­da wa­tan­çy­lyk, gah­ry­man­çy­lyk te­ma­la­ry, mert, eder­men ýi­git­le­ri ter­bi­ýe­läp ýe­tiş­dir­mä­ge de­giş­li şy­gyr­la­ry uly orun tut­ýar. Şa­hy­ryň wa­tan­çy­lyk, gah­ry­man­çy­lyk ba­ra­da­ky goş­gu­la­ry­na üns ber­sek, «Ýe­li Gür­ge­niň», «Türk­me­niň», «Gi­di­ji bol­ma», «De­pe ne­dir, düz ne­dir», «Göz­lär men» ýa­ly goş­gu­la­ry­nyň çuň­ňur maz­mu­ny­ny gör­ýä­ris. Bu goş­gu­la­ryň için­den Wa­ta­ny söý­mek, il-gü­ne we­pa­ly bol­mak, ba­tyr­lyk, eder­men­lik ba­ra­da­ky pi­kir­ler eriş-ar­gaç bo­lup geç­ýär. Şeý­le goş­gu­lar ýaş ne­sil­le­ri wa­tan­çy­lyk mek­de­bin­de ter­bi­ýe­le­mek­de hem aý­ra­tyn äh­mi­ýe­te eýe bo­lup dur­ýar. Ýaş ne­sil­ler­de Wa­ta­na söý­gi dö­ret­mek, mert­lik, gaý­duw­syz­lyk, il-gü­ne we­pa­dar­lyk ýa­ly asyl­ly ýö­rel­ge­ler şa­hy­ryň goş­gu­la­ry­nyň öze­ni­ni düz­ýär. Şo­nuň üçin hem akyl­dar şa­hy­ryň goş­gu­la­ry halk için­de giň­den aý­dyl­ýar we ne­sil ter­bi­ýe­sin­de gym­mat­ly ha­zy­na bo­lup dur­ýar.
Şa­hy­ryň «Aty ge­rek», «Mert bi­lä­ni», «Meý­dan ýo­luk­sa», «Beg­ler» ýa­ly goş­gu­la­ry mert­li­gi, gaý­duw­syz­ly­gy öwüt-ün­dew ed­ýär. Şeý­le goş­gu­lar ne­sil­le­ri mer­da­na­lyk, wa­tan­sö­ýü­ji­lik mek­de­bin­de ter­bi­ýe­le­mek­de örän mö­hüm­dir. Çün­ki bu şy­gyr­la­ryň ma­ny-maz­mu­nyn­da türk­men hal­ky­nyň asyl­ly ýö­rel­ge­le­ri­ni gör­mek bol­ýar.
Goý, hal­ky­ny bagt­ly gel­je­ge alyp bar­ýan Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň hem-de
hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň jan­la­ry sag, ömür­le­ri uzak bol­sun! Halk üçin, Wa­tan üçin, eş­ret­li dö­wür üçin dur­mu­şa ge­çir­ýän tu­tum­ly iş­le­ri mun­dan beý­läk hem ro­waç al­syn!

Ser­dar BA­BA­KU­LY­ÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň Aşgabat şäheri boýunça müdirliginiň işgäri, kapitan.