Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýaşlar syýasatynda gazanylýan ösüşler we özgerişlikler göwünleri galkyndyrýar. Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny mundan beýläk-de ýokarlandyrmak üçin ýaşlara uly ynam bildirilýär. Hormatly Prezidentimiziň sowgady bolan «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly ajaýyp kitaby ýaşlara işde, okuwda, döredijilikde ýakyn gollanma bolup hyzmat edýär.
Geljegimiz bolan ýaşlaryň hemmetaraplaýyn ösen, ruhy taýdan sagdyn, işbaşarjaň hem zehinli bolup ýetişmekleri üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Häzirki ajaýyp döwrümizde halkymyzyň uzak taryhyň dowamynda toplan, kämilleşdiren baý durmuş tejribesine, häzirki zaman ylmynyň, medeniýetiniň gazananlaryna daýanylyp, türkmen ýaşlarynyň bilim, ylym, medeni we ruhy ahlak taýdan sazlaşykly ösmegine giň mümkinçilikler döredilýär. Bu ugurda «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi döwrümiziň iň möhüm ädimleriniň biridir.
«Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň» çäginde kämil, berk bedenli we ruhy taýdan sagdyn, öz halkynyň medeniýetini we däp-dessurlaryny hem-de mizemez maşgala gymmatlyklaryny hormatlaýan şahsyýeti kemala getirmäge gönükdirilen anyk çäreler görülýär. Hormatly Prezidentimiz ýurduň ygtybarly daýanjy hem guwanjy bolan ýaşlaryň päk terbiýe, döwrebap bilim almagyna aýratyn üns berýär. Okumyş, giň gözýetimli, ahlak taýdan arassa we ynsanperwer ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek biziň her birimiziň asylly maksadymyzdyr. Şonuň üçin hem ýaşlaryň döredijilik maksatlarynyň durmuşa geçirilmegi üçin ähli şertler döredilýär.
Ýaşlar eziz Diýarymyzyň halk hojalygynyň ähli pudaklarynda netijeli zähmet çekýärler. Telekeçilik bilen meşgullanýan ýaşlara goldaw bermek hem-de olary bu işe höweslendirmek ugrunda ýurdumyzda uly tagallalar edilýär. Ata Watanymyzda durmuşa geçirilýän uly möçberli düzümleýin taslamalar, talyp ýaşlardyr ýaş hünärmenler üçin özboluşly synag merkezi, kämilligiň binýady bolup durýar.
«Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunyndan başga-da Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan Türkmenistanyň Zähmet, Maşgala, llaty durmuş taýdan goramak, Ýaşaýyş jaý kodeksleri, «Bilim hakynda», «Medeniýet hakynda», «Döwlet ylmy – tehniki syýasaty hakynda», «Ylmy-tehnologiýa parklary hakynda», «Ýaşlaryň zähmet çekmäge bolan hukugynyň kepillendirmesi hakynda», «Çaganyň hukuklarynyň döwlet kepillikleri hakynda», «Bedenterbiýe we sport hakynda», «Meýletinçilik hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary kabul edildi. Olarda ýaşlaryň hukuklary we borçlary bilen bagly meseleler öz beýanyny tapýar.
Ýurdumyzyň ýaş neslini watançylyk ruhunda terbiýelemek bilen bir hatarda, olara taryhy ösüşiň esasy maksatlaryny häzirki zaman meýillerini, döwlet syýasatynyň ugurlaryny düşündirmäge, häzirki taryhy döwürde ýaýbaňlandyrylan ägirt uly özgertmeleriň many- mazmunyny açyp görkezmäge uly üns berilýär.
Pirmuhammet GARABATYROW,
Türkmenistanyň Serhet institutynyň harby talyby.