Astronomlaryň geçiren soňky barlaglary Gün tarapdaky goňşymyz Wenera barada täze maglumatlary ýüze çykardy. Radiotolkunlar bilen geçirilen barlaglar planetada bir günüň ýagny öz okunyň daşyndan aýlanýan wagtynyň 243,0226 güne deňdigi anyklandy. Barlagda planetanyň okunyň gytaklygy we ýadrosynyň ölçegi hem anyklandy. Täze alnan maglumatlaryň käbiriniň ozalkylar bilen çapraz gelýändigi aýdyldy. ABŞ-da geçirilen barlag 14 ýylyň dowamynda 21 gezek radiotolkunlarynyň iberilmegi bilen ýerine ýetirildi. 2006-njy ýyldan 2020-nji ýyla çenli Kaliforniýadaky Mohawe çölündäki “Goldstone” anteninden Wenera rodiotolkunlary iberildi. Soňra bolsa, Günbatar Wirginiýadaky “Green Bank” obserwatoriýasyndan radiotolkunynyň yza serpilişi öwrenildi. Los Anjeles Kaliforniýa uniwersitetinde (UCLA) zähmet çekýän professor Jin-Luk Margo her bir ölçegiň Wenerany aýlanýan äpet top ýaly göz öňüne getirip alnandygyny aýdýar. Professoryň sözlerine görä, äpet el fonaryna meňzeş bolan “Goldstone” obserwatoriýasy Wenera barada aýdyň maglumatlary almaga we Ýere serpigen tolkunlary öwrenmäge mümkinçilik beripdir.

“Nature Astronomy” žurnalynda ýaýradylan ylmy makalada Margot Weneranyň planetalaryň gurluşyny öwrenmek üçin ajaýyp laboratoriýadygyny we onuň “sesýetim uzaklykdadygyny” belleýär. Professor galaktikamyzda Wenera meňzeş millarlardça planetanyň bolup biljekdigini aýdýar.

Geçirilen barlaglar planetanyň ýadrosynyň diametriniň 7 müň kilometre barabardygyny görkezýär. Ýadronyň demirden we nikelden emele gelendiginiň anykdygy, emma onuň gatydygynyň ýa-da erän görnüşdediginiň nämälim bolmagynda galýandyg yaýdyldy. Wenerada pasyllaryň ýokdugy hem anyklandy. Bu ýerdäki howanyň temperaturasy 417 derejä çenli ýetýär. Gün ulgamyndaky ikinji planeta bolan Weneranyň gurluşy Ýere meňzeş hem bolsa, biziň planetamyzdan kiçi. Beýleki ähli planetalardan tapawutlulykda Wenera sagadyň diliniň ugruna görä aýlanýar.