Fransiýada Luwr muzeýiniň direktory Lorans de Karyň wezipesinden çekilmeginden soň, bu wezipä Wersal köşk toplumynyň ýolbaşçysy Kristof Leribo bellenildi. Bu barada “Euronews” habarlar gullugy habar berýär.
Ýeliseý köşgüniň mälim etmegine görä, 62 ýaşly sungatşynas Leribonyň esasy wezipesi Luwryň howpsuzlygyny üpjün etmek we ony döwrebaplaşdyrmak, şeýle hem Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makronyň Luwryň durkuny täzelemegi göz öňünde tutýan “Täze galkynyş” atly taslamasyny durmuşa geçirmek bolar. 2025-nji ýylda Makron Luwryň durkuny täzelemek üçin 800 million ýewro möçberindäki maksatnamany yglan edipdi.
Kristof Leribo, ilkinji nobatda, 2025-nji ýylyň oktýabr aýynda Luwrda bolup geçen talaňçylykdan soň ýüze çykan meseleler bilen meşgullanmaly bolar. Şol wagt muzeýden bahasy 88 million ýewro barabar bolan zatlar ogurlanypdy we olar häzirki wagta çenli tapylmady.
Leribonyň 2024-nji ýyldan bäri ýolbaşçylyk edýän Wersal köşgüne hem täze direktor bellenildi. Şol bir wagtda Orse muzeýine-de täze ýolbaşçy bellenildi. Oňa Anik Lemoin ýolbaşçylyk eder. Orse muzeýiniň öňki direktory Silwen Amik 2025-nji ýylyň awgustynda aradan çykypdy.
Lorans de Kar 2025-nji ýylyň oktýabryndaky talaňçylyk, howpsuzlyk meseleleri, binanyň ýagdaýy sebäpli Luwryň direktory wezipesinden çekilipdi.
PDF









