“Arçabil” myhmanhanasynda Merkezi Aziýada Serhetleri Dolandyrmak Maksatnamasynyň (BOMCA-10) çäginde 21–23-nji maýy aralygynda geçirilen “Okuw sapaklaryny geçirmegiň döwrebap usullary” atly okuw maslahaty üstünlikli tamamlandy. Bu okuw maslahaty işgärler üçin sapak berýän mugallymlar hem-de ministrlikleriň we pudak edaralarynyň işgärleri üçin guraldy.
Okuw maslahatyna Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň ýanyndaky Döwlet weterinariýa we karantin gullugynyň wekilleri, Serhet we Içeri işler ministrlikleriniň institutlarynyň mugallymlary, Gümrük gullugynyň Okuw merkeziniň, Migrasiýa gullugynyň okuw bölüminiň hem-de Oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymlary gatnaşdylar.
Üç günlük okuw maslahatynda halkara hünärmeni hökmünde Ýuliýa Kazakowa çykyş etdi. Okuw maslahatyň esasy maksady gatnaşyjylaryň bilim we başarnyklaryny ýokarlandyrmak, häzirki zaman okuw usullary arkaly okatmagyň netijeliligini artdyrmak, diňleýjileriň höwesini we işjeňligini ýokarlandyrmakdan ybarat boldy.
Okuw maslahatyň jemleýji böleginde we netijeleriň jemlenilişinde, Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň ýanyndaky Döwlet weterinariýa gullugynyň Halkara we ylmy aragatnaşyklary bölüminiň başlygy Arslan Soltanmyradow çykyş etdi. A.Soltanmyradow çykyşynda okuw maslahatyň esasy maksadynyň gatnaşyjylary toparlaýyn dinamika ösüşiniň kanunlary, bilim gurşawyny dolandyrmagyň täsirli usullary we okalýanlaryň höweslendirmesini (motiwasiýasyny) döretmek we goldamak boýunça bilim bermekden ybaratdygyny belledi. Okuw maslahatda häzirki zaman bilim tehnologiýalarynyň giňden ornaşdyrylmagy aýratynlyk hökmünde nygtaldy. Bu usullaryň ulanylmagy okuw prosesini diňe bir janlandyrman, eýsem onuň amaly ähmiýetini hem ýokarlandyrýar. Gatnaşyjylaryň alnan bilimleriniň hünär derejesiniň ösmegine hem-de ýurdumyzyň hyzmatlarynyň hiliniň ýokarlanmagyna hyzmat etjekdigine berk ynam bildirdi.
Türgenleşigiň wezipeleri toparyň dinamiki ösüş kanunlary we olary dolandyrmak usullary, bilim gurşawyny döretmegiň gurallary we diňleýjileriň höweslenmesini döretmek we dolandyrmak şertleri bilen tanyş etmekden ybarat boldy.