23-nji maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.
Mejlisde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, Türkmenistanda wirtual aktiwleri düzgünleşdirmek we maýning tehnologiýasyny kanunlaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, wirtual aktiwleriň dolanyşygynda gatnaşyklary düzgünleşdirmek maksady bilen, “Wirtual aktiwler hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy işlenip taýýarlandy. Onda umumy düzgünler, wirtual aktiwler işi babatda döwlet düzgünleşdirmesi, wirtual aktiwleriň dolanyşygy çygrynda işleriň guralmagy, maýning, wirtual aktiwleriň emissiýasy we jemgyýetçilige hödürlenmegi, wirtual aktiwler hyzmatlaryny üpjün edijiler hem-de jemleýji düzgünler beýan edilýär. Bu Kanunyň kabul edilmegi maýa goýumlaryň çekilmegine, maliýe tehnologiýalary başlangyçlarynyň ösdürilmegine, sanly hyzmatlar ulgamynda telekeçilik işjeňliginiň höweslendirilmegine ýardam eder. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlendi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, sanly tehnologiýalaryň hem-de sanly ykdysadyýetiň çalt ösýän döwründe wirtual aktiwleriň dolanyşygyny hukuk taýdan düzgünleşdirmegiň möhüm bolup durýandygyny belledi we wise-premýere «Wirtual aktiwler hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy boýunça Mejlis bilen degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.