Soň­ky ýyl­lar­da dün­ýä­de san­ly yk­dy­sa­dy­ýet ýo­ka­ry dep­gin­ler bi­len ös­ýär. Blok­çeýn teh­no­lo­gi­ýa­sy, krip­to­wal­ýu­ta­lar we beý­le­ki wir­tu­al ak­tiw­ler tä­ze yk­dy­sa­dy müm­kin­çi­lik­le­ri dö­red­ýär. Em­ma bu ugur­da di­ňe bir gir­de­ji däl, şol bir wagt­da hu­kuk, howp­suz­lyk we ener­ge­ti­ka taý­dan çyn­la­kaý me­se­le­ler hem ýü­ze çyk­ýar.
Türk­me­nis­tan­da san­ly yk­dy­sa­dy­ýe­ti ös­dür­mek we tä­ze teh­no­lo­gi­ýa­la­ry mil­li ka­nun­çy­ly­ga la­ýyk­lyk­da or­naş­dyr­mak mak­sa­dy bi­len Türk­me­nis­tan­da wir­tu­al ak­tiw­le­ri düz­gün­leş­dir­me­giň we maý­ning teh­no­lo­gi­ýa­sy­ny or­naş­dyr­ma­gyň 2026 – 2030-njy ýyl­lar üçin «Ýol kar­ta­sy» ze­rur ha­sap edil­ýär.
Türk­me­nis­ta­nyň Mej­li­si ta­ra­pyn­dan hem «Wir­tu­al ak­tiw­ler ha­kyn­da» Türk­me­nis­ta­nyň Ka­nu­ny­nyň tas­la­ma­sy­nyň ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­ma­gy bu ugur­da ädil­ýän ädim­le­riň su­but­na­ma­sy­dyr.
1. «Ýol kar­ta­sy­nyň» esa­syn­da wir­tu­al ak­tiw­le­riň hu­kuk ýag­da­ýy­ny anyk­la­mak, krip­to­wal­ýu­ta ba­za­ry­ny döw­let taý­dan düz­gün­leş­dir­mek, maý­ning işi­ni ka­da­laş­dyr­mak we ener­gi­ýa tyg­şyt­laý­jy teh­no­lo­gi­ýa­la­ry ulan­mak, tä­ze iş orun­la­ry­ny dö­ret­mek, san­ly inf­rast­ruk­tu­ra we hü­när­men­le­ri taý­ýar­la­mak ba­bat­da de­giş­li iş­ler ge­çi­ri­ler.
2. Hu­kuk we ins­ti­tu­sio­nal bin­ýa­dy dö­ret­mek ba­bat­da hem de­giş­li ädim­ler ädi­ler. Bu ba­bat­da «Wir­tu­al ak­tiw­ler ha­kyn­da» tä­ze ka­nu­ny ka­bul et­mek, krip­to bir­ža­la­ryň, san­ly «gap­jyk­la­ryň» we maý­ning mer­kez­le­ri­niň ser­ti­fi­kat­laş­dy­ryl­ma­gy, döw­let gu­ra­ma­la­ry­nyň ara­syn­da ut­ga­şyk­ly iş to­par­la­ry­ny dö­ret­mek iş­ler has ze­rur­dyr.
3. Maý­ning inf­rast­ruk­tu­ra­sy­ny dö­ret­mek: Türk­me­nis­tan­da maý­ning bo­ýun­ça ýö­ri­te se­na­gat zo­lak­la­ry­ny dö­ret­mek göz öňün­de tu­tul­ýar. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, da­şa­ry ýurt kom­pa­ni­ýa­lar bi­len hyz­mat­daş­lyk, blok­çeýn teh­no­lo­gi­ýa­la­ry bo­ýun­ça yl­my-bar­lag mer­kez­le­ri­ni dö­ret­mek has mak­sa­da­la­ýyk ha­sap­lan­ýar.
4. In­teg­ra­si­ýa we san­ly hyz­mat­lar: Wir­tu­al ak­tiw­ler di­ňe bir maý­ning bi­len çäk­len­män, beý­le­ki ul­gam­la­ra hem or­naş­dy­ry­lar. Mu­nuň üçin san­ly hyz­mat­lar hem ze­rur­dyr.
Türk­me­nis­tan­da wir­tu­al ak­tiw­le­ri düz­gün­leş­dir­me­giň we maý­ning teh­no­lo­gi­ýa­sy­ny ös­dür­me­giň 2026 – 2030-njy ýyl­lar üçin «Ýol kar­ta­sy» di­ňe bir yk­dy­sa­dy müm­kin­çi­lik däl, eý­sem, ýur­duň teh­no­lo­gi­ýa taý­dan tä­ze tap­gy­ra geç­me­gi­niň mö­hüm şer­ti bo­lup dur­ýar. Dog­ry me­ýil­leş­di­ri­len we tap­gyr­la­ýyn dur­mu­şa ge­çi­ri­len ýag­da­ýyn­da bu ugur türk­men yk­dy­sa­dy­ýe­ti­ni has di­wer­si­fi­ka­si­ýa­ly we bäs­deş­li­ge ukyp­ly eder.
Wir­tu­al ak­tiw­ler di­ňe san­ly gör­nüş­de bo­lup, elekt­ron ul­gam­lar ar­ka­ly alyş-ça­lyş edil­ýän tä­ze gör­nüş­li yk­dy­sa­dy gym­mat­lyk­lar­dyr. Ola­ra krip­to­wal­ýu­ta­lar, to­ken­ler, san­ly «gap­jyk­lar­da» sak­lan­ýan se­riş­de­ler hem-de blok­çeýn esas­ly beý­le­ki ak­tiw­ler de­giş­li­dir. Hä­zir­ki wagt­da dün­ýä­niň köp ýur­dun­da wir­tu­al ak­tiw­le­ri düz­gün­leş­dir­mek bo­ýun­ça ka­nun­lar ka­bul edil­ýär we ýö­ri­te plat­for­ma­lar dö­re­dil­ýär. Bu ugur san­ly yk­dy­sa­dy­ýe­tiň ösü­şi­ne güýç­li iter­gi ber­se-de, onuň howp­suz­ly­gy­ny üp­jün et­mek we ra­ýat­la­ryň hu­kuk­la­ry­ny go­ra­mak örän mö­hüm bo­lup dur­ýar.

Mahym MAHTYMOWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy.