Ýewropa Bileleşigi ulaglary we senagaty arassa energiýa geçirmek maksady bilen wodorodyň ulanylmagyny esasy çeşmeleriň biri hökmünde ösdürmek barada karar kabul etdi. Bütin dünýäde bu gaz bilen doldurylýan müňe golaý ýangyç stansiýalary bolup, Belgiýanyň Antwerpen portunda hem bar. Şol ýerde awtoulaglaryň ýörite baklary wodorod bilen doldurylýar. Ýewropa Komissiýasy elektrik zarýad beriş stansiýalarynyň ýanynda şeýle infrastrukturany ornaşdyrmagy teklip edýär.
Belgiýanyň Walloniýa sebitiniň häkimliginiň tehnologiýa boýunça geňeşçisi Roý Kemp nebit önümleriniň we tebigy gazyň ulanylyşy azaldylan halatynda, wodorodyň atmosferany arassalamakda aýratyn ähmiýetini belläp şeýle diýdi:
– Bu meseläni çözmegiň bir bölegi bolar. Häzirlikçe biz, esasan, Gün we ýel ýaly täzelenýän energiýa çeşmelerine köp maýa goýýarys. Ýöne hemişe Gün şöhle saçyp, şemal öwsüp dursa, onda wodoroda zerurlyk hem bolmazdy. Wodorod energiýany saklamagyň iň amatly usulydyr. Wodorody gerekli wagty ulanyp, gerekmejek wagty hem tygşytlap bolýar. Wodorod şübhesiz geljegiň ýangyjyna öwrüler. Biz onuň hemme tehnika ýaraýandygy barada gürrüň etmeýäris, ýöne agyr ulaglaryň köpüsiniň wodorod bilen işlediljekdigine ynanýarys.
Belgiýanyň Hökümeti ony beýleki maksatlar üçin, esasan hem, dökün we plastmassa ýaly himiki önümleri öndürmek üçin ulanmak isleýär. Geljekde döwürleýin tablisanyň birinji elementi bolan wodorody termo ýadro sintezi üçin ulanmak maksat edinilýär.
Antwerpen portunda ulanylýan täzelenýän wodorod elektroliz arkaly öndürilýär. Ykdysadyýetde ulanylýan wodorodyň köp bölegi, esasan, tebigy gaz ýakylyp, CO2 zyňyndylaryny howa goýberensoň alynýar. Şonuň üçin Ýewropa Komissiýasy H2-niň «ýaşyl» energiýa arkaly öndürilmegini maksat edinýär.
Häzirki wagtda Germaniýa, Beýik Britaniýa, Niderlandlar, Belgiýa we Awstriýa ýaly ýurtlarda wodorod ulanmaga girişilýär. Wodorod himiki birleşme görnüşinde bolup, onuň köp bölegi dünýä ummanynda saklanýar. Bu element daşky gurşawy goramakda aýratyn ähmiýete eýe bolup, ulag serişdelerinde dizeliň, ýyladyş üçin tebigy gazyň hem-de metallurgiýa zawodynda ulanylýan kömrüň ýerini tutýar.