“Airbus” kompaniýasy 2026-njy ýyla çenli suwuk wodorod bilen işleýän uçaryny synagdan geçirmegi meýilleşdirýär. Arassa energiýa bilen işleýän uçaryň önümçilige taýýar görnüşi 2035-nji ýyla çenli dörediler. Ýewropanyň uçar öndürijisiniň wodorod ýangyçly howa gämisiniň dizaýny hem adatdaky uçarlaryňkydan tapawutly bolar. Bu uçar gönüden-göni wodorod ýangyjy bilen däl-de, elektrik energiýasy bilen işlär. Uçarda wodorody elektrik energiýasyna öwürýän tehnologiýa bolar. Şeýlelikde, uçar elektrik energiýasy bilen işleýän motorlar bilen üpjün ediler. Ýangyjyň täze görnüşi adaty ýangyçdan has az ýer tutýar. Bu bolsa uçaryň ýüküni hem ep-esli azaldyp, ýangyjyň hasabyna boşan ýeri ýük we ýolagçy üçin peýdalanmaga mümkinçilik berer. Synag maksady bilen A380 howa gämisiniň nusgasy ulanylar.
Dolulygyna elektrik energiýasy bilen işleýän uçary öndürmekdäki esasy mesele batareýanyň agyr bolmagy bilen baglydyr. Şol sebäpli inženerler wodorody elektrik energiýasyna öwürýän tehnologiýany teklip edýärler. Bu tehnologiýa batareýanyň agramyny aradan aýyrmaga ýardam edýär. Wodorod bolsa, örän az ýer tutýandygyna garamazdan, ýeterlik derejede energiýa öndürmäge mümkinçilik berýär. Kompaniýa wodorod bilen işleýän synag motorynyň 2026-njy ýyla çenli taýýar boljakdygyny belleýär. “Airbus” suwuk ýangyç bekedini gurmak üçin “ArianeGroup” şereketi bilen hyzmatdaşlyk edýär.
Söhbet Sapargeldiýew, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň talyby
PDF









