“Forvia”, “Michelin” we “Stellantis” kompaniýalary tarapyndan deň paý bilen döredilen “Symbio” kompaniýasy ilkinji iri zawodyny gurdy. Fransiýanyň Sen-Fon kommunasynda gurlan “SymphonHy” atly zawodda wodorod ýangyçly ulaglaryň ýangyç öýjükleri öndüriler. Ilkibaşda bu ýerde her ýylda 16 müň ýangyç öýjügi öndüriler. Ýakyn geljekde bu görkezijiniň 50 müňe ýetirilmegi göz öňünde tutulýar. Desganyň gurluşygynda Ýewropa Bileleşigi we Fransiýanyň hökümeti hem maliýe goldawyny beripdir. Umumy bahasy 1 milliard ýewro bolan “HyMotive” atly iri taslamanyň bir bölegi bolan bu zawodda orta ululykdaky hem-de has uly ulaglar üçin esasy bölekler öndüriler. Bu ýerde öndürilen ýokary tehnologiýaly awtoulag bölekleri Ýewropa we Demirgazyk Amerika bazarynda wodorod ýangyçly ulaglaryň önümçiligini artdyrmaga ýardam eder. Şeýle hem bu ýerde öndürilen wodorod ýangyjyna degişli bölekler “Stellantis” kompaniýasyna degişli bolan “Peugeot e-Expert”, “Citroën ë-Jumpy” we “Opel Vivaro-e” ýaly elektrik energiýasy bilen işleýän modellerde ulanylar. Berlen maglumata görä, bu ýerde geljekde bir gezekki zarýady bilen 500 kilometre çenli ýol geçýän ulaglara 10 minutda zarýad berýän uly ýük ulaglar üçin ýangyç öýjükleri hem öndüriler.
Ata Bekiýew, Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.