Wýetnamyň wise-prezidenti Wo Thi An Suan 21-nji martda ýurduň ýerine ýetiriji Prezidenti wezipesine bellendi. Ol 20-nji martda wezipesinden çekilen Wo Wan Thyongyň ýerine geçdi. Bu barada Wýetnam habar gullugy habar berdi.
Bu karar Wýetnamyň Milli mejlisiniň adatdan daşary mejlisinde kabul edildi.
Wo Thi An Suan ýurduň täze Baştutany saýlanýança ýerine ýetiriji Prezident bolup işlär diýlip, Milli mejlisiň hemişelik komiteti habar berdi.
Şeýle hem Milli mejlis, Wo Wan Thyongy 2021-2026-njy ýyllar aralygynda Wýetnamyň Prezidenti we 15-nji Milli mejlisiň agzasy wezipesinden boşatdy.
20-nji martda Wýetnamyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komiteti Wo Wan Thyongyň şahsy haýyşy boýunça işinden çekilmegini kabul etdi.