2024-nji ýylyň 18-nji oktýabrynda Lu Ban ussahanasyny döretmek maksady bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Sian şäherinde Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti bilen Sian nebit uniwersitetiniň, Hebeý nebit hünär-tehniki uniwersitetiniň, Hytaýyň milli nebitgaz korporasiýasynyň we Hytaýyň bilim ulgamynda halkara alyş-çalyş assosiasiýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama baglaşyldy.
Baglaşylan Ähtnamanyň çäklerinde Lu Ban ussahanasynyň işini ýola goýmak meselelerini ýerinde ara alyp maslahatlaşmak üçin Hytaý Halk Respublikasynyň Sian nebit uniwersitetiniň, Hebeý nebit hünär-tehniki uniwersitetiniň, “Shangqi, Ltd.” we “TechMax Intelligence Technology Co., Ltd.” kompaniýalarynyň wekilleri Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetine iş sapary bilen geldiler.
2025-nji ýylyň 15-17-nji oktýabry aralygynda Hytaý Halk Respublikasyndan gelen wekiller uniwersitetde Lu Ban ussahanasy üçin bölünip berlen ýerde alnyp barylýan abatlaýyş işleriniň alnyp barlyşy bilen tanyşdylar. Şeýle-de iş saparynyň çäklerinde Hytaý Halk Respublikasyndan gelen wekiller bilen iş maslahaty geçirildi. Maslahatda Ähtnamalaryň çäklerinde amala aşyrylýan işleriň ylym-bilim ulgamynda, geljekde hünärmenleri taýýarlamakda oňyn netijeleri berjekdigi, Lu Ban ussahanasynyň işini ýola goýmak üçin alnyp barylýan abatlaýyş işleriniň tiz wagtda gutarjakdygy bellenip geçildi.
Çeşme: Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti