ABŞ-nyň Wirjiniýa ştatynda atlaryň arasynda uzak ýaş rekordy resmi taýdan hasaba alyndy. Bu rekorda Fensi atly baýtal mynasyp boldy. Ol häzirki wagtda ýaşaýan atlaryň arasynda iň garry at diýlip ykrar edildi. Atlaryň ortaça 25-30 ýaşaýandygyny göz öňünde tutsaň, onuň ýaşy hakykatdan hem haýran galdyrýar. Fensi 1-nji aprelde 38 ýaşaýar. 1988-nji ýylda dünýä inen Fensiniň ömri eýesi Peýj Sigmon Blumeriň durmuşy bilen berk baglanyşyklydyr. Olar eýesi 8 ýaşly gyzjagaz wagty, at bolsa 12 ýaşynda wagty tanyşdylar. Şol günden bäri hem olar hiç wagt aýry bolmadylar. Birnäçe ýylyň dowamynda dürli keselleri, görşüniň kem-kemden peselmegi ýaly kynçylyklary başyndan geçirmegine garamazdan, Fensi kesir, özbaşdak we çakgan häsiýetlerini ýitirmedi diýip, baýtalyň eýesi buýsanç bilen gürrüň berýär. Häzirki wagtda hem Fensi ýeke däl. Onuň ýörite kömekçisi we ýoldaşy Rouz atly eşek Fensiň mydama ýanynda gezip, ýoluny saýgarmagyna uly ýardam berýär. Haýwanlar köp wagtlaryny birlikde geçirýärler. Olaryň arasyndaky bu ysnyşykly dostluk Fensiniň gündelik durmuşynyň aýrylmaz bölegine öwrüldi.
Mährem BABAMYRADOWA,
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň talyby,
Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi.
PDF









