Ýa­şa­ýyş jaý­la­ryn­da ýan­gynyň dö­re­me­gi­ne, esa­san, adamlaryň bi­per­waý­ly­gy we gaz en­jam­la­ry gur­na­lan­da hem-de ula­ny­lan­da howp­suz­lyk düz­gün­le­ri­niň ýe­ri­ne ýe­ti­ril­me­ýän­di­gi se­bäp bol­ýar. Ýa­şa­ýyş jaý­la­ry­ny we em­läk­le­ri­ ýan­gyn­dan go­ra­mak üçin şu aşak­da­ky çä­re­le­ri gy­şar­nyk­syz ber­jaý et­mek hök­man­dyr.
Äh­li gaz en­jam­lary wagtly-wagtynda bar­lan­ma­ly­dyr we be­jer­gi iş­le­ri Gaz ho­ja­ly­gy eda­ra­sy­nyň hü­när­men­le­ri ta­ra­pyn­dan ýerine ýetiril­me­li­dir. Ma­gist­ral gaz ak­dy­ry­jy tur­ba­lar­dan te­bi­gy gaz de­mir tur­ba­lar ar­ka­ly gaz en­ja­my­na bi­rik­di­ril­me­li­dir. Gaz ge­çi­ri­ji­le­riň we en­jam­la­ry­ň bi­rig­ýän ýer­le­ri gaz syz­maz ýa­ly bi­lek­se­jik­ler bi­len ber­ki­dil­me­li­dir. Ot ýa­kyl­ýan en­jam­la­ryň we ojak­la­ryň tüs­se­çy­kar­la­ry iki aý­dan aras­sa­lan­ma­ly­dyr.
Ýa­şa­ýyş jaý­la­ryn­da ýan­gy­nyň dö­re­me­gi­ne elekt­rik sim­le­ri­niň gur­na­lyş hem-de ula­nyş düz­gün­le­ri­niň bo­zul­ma­gy hem se­bäp bol­ýar. Elekt­rik gyz­dy­ry­jy en­jam­lar ula­ny­lan­da, elekt­rik sim­le­ri çe­ki­len­de düz­gü­ne la­ýyk bol­ma­ly­dyr. Elekt­rik sim­ler wag­tyn­da çal­şyl­ma­sa, has kö­ne­lip, to­guň güý­jü­ne çy­da­man, eräp baş­la­ýar ýa-da ola­ryň daş­la­ry sy­py­ry­lyp, için­dä­ki sim­ler bi­ri-bi­ri­ne de­gip, ýan­gyn dö­re­ýär. Şo­nuň üçin elekt­rik en­jam­la­ry gur­na­lan­da, ola­ra la­ýyk ge­läý­jek elekt­rik sim­le­ri we bi­rik­di­ri­ji­leri saý­la­p al­ma­ly­. Elekt­rik en­jam­la­ry­ny gur­na­mak iş­le­ri şol ugur­dan iş­le­ýän hü­när­men­ler ta­ra­pyn­dan ýe­ri­ne ýe­ti­ril­me­li­dir.
Ýan­gynyň dö­re­mez­li­gi üçin, öý­den çy­kyl­maz­dan ozal ýa-da ýat­maz­dan öň elekt­rik en­jam­la­ry­ny elekt­rik set­den aýyr­ma­ly, gaz en­jam­la­ry­ny öçür­me­li.
Hor­mat­ly il­deş­ler! Öý­le­ri­mi­ziň aba­dan­çy­ly­gy­ny we sag­ly­gy­my­zy go­ra­mak özü­mi­ze bag­ly. Ýan­gy­na gar­şy gö­reş çä­re­le­ri­niň ýö­ne­keý­je düz­gün­le­ri­niň bo­zu­lan ha­la­tyn­da, ýan­gynyň dö­re­me­gi­ne ge­tir­jek­di­gi­ni unut­maň! Ýan­gyn how­pun­dan go­ran­mak üçin howp­suz­lyk çä­re­le­ri­niň ka­da-ka­nun­la­ry­ny berk ber­jaý ede­liň!

Gel­di­mäm­met Re­je­pow,
Aşgabat şäher Polisiýa müdirliginiň Ýangyn howpsuzlyk bölüminiň 100-nji harbylaşdyrylan ýangyn howpsuzlyk bölüminiň müdiriniň işgärler boýunça orunbasary, içerki gullugyň maýory.