Däp bolup gelýän Täze ýyl baýramy bosagada. Şeýle bolansoň, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugy baýramçylyk arçasy gurnalanda ýangyn howpsuzlyk düzgünlerini berjaý etmek maksady bilen şulary ýatladýar.
Täze ýyl arçasyny hakyky ýa-da emeli arçadygyna garamazdan, agaçdan ýa-da demirden edilen esasyň üstünde berkidip oturtmaly. Arçalaryň şahalary jaýyň diwarlaryndandyr ýokarky gatlaklaryndan bir metrden az bolmаdyk araçäkde bolmaly. Täze ýyl arçasy bezelen wagtynda jaýda bar bolan ýanyjy goşlardan, mebellerden arasy açyk bolmaly. Çykalga gapynyň golaý ýerinde arçany oturtmak, bezeg işleri geçirilen wagtynda şemleri we emeli usulda ýasalan elektrik çyralaryny ulanmak gadagan edilýär. Şeýle-de, Täze ýyl arçasyny çyralar arkaly bezemeklige çagalara rugsat berilmegi howply hasaplanyp, diňe uly adamlar tarapyndan bezeg çyralarda dürli nogsanlyklara getirip biljek ýagdaýlaryň ýokdugyna doly göz ýetirilenden soň gurnalmaly. Sebäbi çagalar elektrik enjamlarynyň gurnalyş, ulanyş hem-de ýangyn howpsuzlyk düzgünlerine düşünmeýärler. Bezeg çyralarynda ýangyn döremek howpunyň ýokdugyna doly göz ýetirilenden soň, ulanylmagyna rugsat bermeli.
Uly adamlaryň gözegçiligi bolmasa, çagalary Täze ýyl arçasynyň golaýynda ýeke galdyrmak bolmaýar. Sebäbi dürli hadysalaryň döremegi mümkin. Täze ýyl dabarasynda otaglarda, arçalaryň oturdylan ýerlerinde feýerwerkleri, bengal otlary, partlaýjy jisimleri ulanmak gadagan edilýär. Uly bolmadyk uçgunlardan uly ýangynlaryň döräp bilýändigini unutmaly däl. Şeýle-de, birek-biregi Täze ýyl baýramçylygy bilen gutlamak üçin öýden çykyp gidilende, işjeň ýagdaýda duran elektrik, gaz akymy bilen işleýän enjamlaryň doly öçürilendigini barlamagy ýatdan çykarmaly däl!.
Mekan ATAÝEW,
Aşgabat şäheriniň Polisiýa müdirliginiň Ýangyn howpsuzlygy bölüminiň 109-njy harbylaşdyrylan ýangyn howpsuzlyk bölüminiň uly inženeri, içerki gullugyň kapitany.