Häzirki döwürde ýurdumyzda täze kanun taslamalaryny taýýarlamak hem-de olaryň kämil, döwrebap bolmagyny gazanmak boýunça işler alnyp barylýar. Şu ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda Türkmenistanyň Kanunlarynyň 8-si, hususan-da, ýurdumyzyň kazyýet edaralarynyň işini kämilleşdirmek we ýük markalary hakynda halkara Konwensiýa degişli Teswirnama goşulmak bilen bagly Kanunlar kabul edildi. Şeýle hem Jenaýat, Arbitraž, Raýat we Jenaýat iş ýörediş, maşgala, zähmet gatnaşyklary, salgytlar, ýubileý medaly, administratiw önümçilik, awtomobil ulagy, migrasiýa bilen baglanyşykly hereket edýän Kanunlar degişli üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek arkaly kämilleşdirildi. Mundan başga-da, Mejlisiň kararlarynyň 9-sy kabul edildi. Häzirki wagtda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna laýyklykda, döwrüň talaplaryndan we oňyn halkara tejribeden ugur alyp, ýurdumyzda raýat-hukuk gatnaşyklaryny döwrebaplaşdyrmak, saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawyny döretmek bilen bagly we beýleki kanun taslamalaryny taýýarlamak boýunça degişli işler geçirilýär.
Bu barada 8-nji maýda geçirilen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa maglumat berdi.