8-nji maýda geçirilen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisinde şu ýylyň dört aýynda ýurdumyzda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi. Hasabat döwründe ýaş nesliň döwrebap bilim almagy ugrunda toplumlaýyn işler amala aşyryldy, bilim işinde okatmagyň öňdebaryjy usullary giňden ulanyldy. Okuwçylar we talyplar halkara bäsleşiklerde ýokary işjeňlik görkezip, jemi 523 medal gazandylar. Şeýle hem, ýurdumyzyň ylmy kuwwatyny ösdürmäge gönükdirilen özgertmeler dowam etdirilip, okuw kitaplarydyr gollanmalaryň 559-sy makullanyldy. Aspirantura, doktorantura hem-de alymlyk derejelerine dalaşgärlige jemi 114 adam kabul edildi.
Hasabat döwründe bedenterbiýäni we sporty ösdürmek boýunça hem netijeli işler alnyp baryldy. Bütindünýä saglyk güni mynasybetli Aşgabat şäherinde köpçülikleýin welosipedli ýöriş, Arkadag şäherinde we welaýatlarymyzda dürli medeni-sport çäreleri guraldy. Türgenlerimiz jemi 135 medala mynasyp boldular. Aşgabat şäherindäki Olimpiýa şäherçesiniň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda sportuň milli we guşakly alyş göreşi boýunça halkara ýaryş guramaçylykly geçirildi. Bu barada mejlisde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Orazdurdyýewa hasabat berdi.