2026-njy ýylyň ýanwarynda Ýerde 10 magnit tupany boldy, bu 2016-njy ýyldan bäri rekord görkezijidir diýip, «Kazinform» habarlar gullugy habar berdi.
Üstümizdäki ýylyň birinji aýynyň dowamynda Ýerde şeýle hem iki sany G4 derejeli (örän güýçli) we G3 derejeli (güýçli) bir magnit tupany boldy. Birahat geomagnit ýagdaýyň hasaba alnan günleriniň jemi sany 19-a deň.
Magnit tupanly rekordyň altysy öň 2022-nji ýylyň ýanwarynda hasaba alyndy, 2017-nji ýylda bolsa, magnit täsirli iň köp günleriň sany 14-e deň bolupdyr.
2025-nji ýyl hem magnit tupanlarynyň sany boýunça 10 ýyllyk rekordy täzeledi. Şeýle-de geçen 2025-nji ýylda magnit tupanly günleriň umumy sany soňky 20 ýylyň dowamyndaky rekord görkeziji boldy.