“Sony” ýanyňda göterip bolýan kiçijik serginledijiniň täze neslini satuwa çykardy. “Reon Pocket 2” atly kiçijik enjam ýapyk ýerlerde ýa-da daşarda ulanylmaga niýetlenilipdir. Geçen ýyl bu enjamyň birinji nusgasy çykypdy. Ýapon kompanýasy bu enjama isleg ýokary bolansoň, täze neslini taýýarlamagy makul bilipdir. “Reon Pocket 2” geçen ýylky nusgadan has gowy sowadýandygy, şeýle hem suwa garşy çydamlydygy bellenilýär. “Reon Pocket”-iň geçen ýylkysy adatça daşarda gezilende ulanylmaga niýetlenen bolsa, täze görnüşini sport maşklaryny ýerine ýetirýän wagtyň hem ulanyp bolýar. Şol sebäpli ýapon kompaniýasy “Le Coq Sportif”, “Munsingwear” we “Descente” ýaly sport egin-eşiklerini öndürýän brendler bilen hyzmatdaşlyk edýär. Bu brendler, ilkinji nobatda, serginledijini salmaga niýetlenen ýörite jübüleri bolan golf eşiklerini öndürer. Şeýle hem “Sony” “Reon Pocket 2” üçin boýnuňda asylýan aksesuar hem taýýarlapdyr. Geçen ýylky serginlediji 120 dollardan satylan bolsa, täze nusgasynyň bahasynyň 138 dollardygy mälim edildi.