Ýaponiýanyň Tohoku sebitinde 2011-nji ýylyň 11-nji martyndaky güýji 9,0 bala deň bolan ýer yranmasynda we sunamide 2519 adam henizem dereksiz ýiten hasaplanýar. Bu barada duşenbe güni Milli polisiýa agentligi habar berdi.
Dereksiz ýitenleriň sany Miýagi prefekturasynda 1213, Iwatede 1106, Fukusimada 196 adam. Tebigy heläkçilikde ýurduň çäginde jemi 15901 adam pida bolupdy. Miýagi prefekturasynda 9545, Iwatede 4675 we Fukusimada 1614 adam pida boldy diýlip, resmi çeşmelerde bellenýär.
Şol heläkçiligiň yzysüre polisiýa ejir çeken etraplara gözleg işlerini geçirmek üçin 720 müň gullukçy ýollapdyr. Henizem dowam edýän gözleg işleri çarşenbe güni has-da işjeňleşdiriler, şeýle-de pida bolanlaryň jesetlerini seljermek boýunça çäreler dowam etdiriler diýip, “The Japan Times” ýazýar.
Ýaponiýanyň ýaşaýjylarynyň 80 göterimden gowragy 2011-nji ýylyň martyndaky şol heläkçiligi golaý geljekde ýene gaýtalanyp biler diýip hasaplaýar. Ýurduň Gyzyl Haç jemgyýeti tarapyndan heläkçiligiň 15 ýyllygynyň öňüsyrasy geçiren pikirsoraşygyň jemlerine görä, ilatyň 70 göterime golaýy häkimiýetleriň oňa ýeterlik taýýarlyk görmändigini nygtaýar.
PDF









