Golaýda Ýaponiýanyň Saglygy goraýyş, iş we asudalyk ministrligi 2022-nji ýylda dünýä inen bäbekleriň ilkinji gezek 800 müňden az bolandygyny habar beripdi. Çaga sanynyň az bolmagy hem-de ortaça ýaşyň artmagy ýurtda täze demografik meseleleri ýüze çykarýar. Bu ýurtda käbir mekdepleriň okuwa gitjek çaga ýokdugy sebäpli ýapylýandygy habar berildi. Şeýlelikde, bu bilim edaralary soňky okuwçylaryny uçurym edýär.
Eýta Sato hem-de Aoý Hoşi ýurduň demirgazygyndaky daglyk sebitde ýerleşýän Ýumoto orta mekdebi tamamlaýan soňky okuwçylar. 76 ýyllyk mekdebiň soňky jaň dabarasyndan soňra ýapyljakdygy mälim edildi. 15 ýaşly Aoý ikinji synpda wagtlary mekdebiň ýapyljakdygy barada eşidendiklerini aýdýar. Emma ol munuň beýle çalt bolup biljekdigini pikir etmändir.
Ýurtda çaga dogluşynyň pese gaçyşy garaşylandan hem tiz bolup geçýär. Esasan hem, Fukusima şäheriniň Ten-eý ýaly daglyk we çetki obalarynda has köp mekdep ýapylypdyr.
Çaga dogluşynyň pese gaçyşlygy Hytaý we beýleki Aziýa ýurtlarynda hem hasaba alynýar. Emma Ýaponiýada ýagdaýyň has çynlakaýdygy bellenilýär.
Golaýda ýurduň Premýer-ministri Fumio Kisida 2030-njy ýyla çenli döwrüň ýurtda çaga dogluşynyň pese gaçmagynyň öňüni almak üçin iň ahyrky mümkinçilikdigini belläpdi. Kisida munuň öňüni almak üçin dürli çäreleriň hem durmuşa geçiriljekdigini wada berdi. Hökmümat başlygy çagalar bilen bagly syýasatlar üçin bölünip berilýän býujetiň iki esse artdyryljakdygyny aýdypdy.
Ýurtda daşary ýurtlularyň gelip işlemegi we ýaşamagy hem aňsat däl.
Ýurtda her ýyl ortaça 450 mekdebiň ýapylýandygy bellenilýär. 2002-nji ýyldan 2020-nji ýyla çenli 9 müň töweregi mekdep ýapylypdyr.
Eýtanyň şol mekdebi tamamlan ejesi Masumi orta mekdep ýok bolsa adamlaryň bu ýere göçüp gelip, maşgala gurmajakdyklaryny belleýär. Tan-eý obasynyň bäş müňe golaý ilaty bolup, ýaşaýjylar aglaba şalyçylyk bilen meşgullanýar. Ilatyň 10 göterimi 18 ýaşyndan kiçi. Ýumoto sebitindäki daglarda şypahana myhmanhanalary bar. şeýle hem lager üçin ýerler myhmanlary özüne çekýär.
1950-nji ýyllarda obanyň 10 müňden gowrak ilaty bar eken. Obanyň merkezindäki mekdebinden her ýyl 50 töweregi okuwçy uçurym bolýar eken.
Mekdebiň binasynyň başga bir maksat üçin ulanylmagy göz öňünde tutulýar. Ýaponiýanyň beýleki ýerlerinde ýapylan mekdepler köplenç, sungat muzeýleri hökmünde peýdalanylýar.