Ýaponiýanyň hökümeti ýurtda energiýa çeşmelerini uglerodsyzlaşdyrmagy höweslendirmek maksady bilen 2040-njy ýyla çenli wodorod üpjünçiligi üçin 15 trillion ýen (113 milliard dollar) maýa goýum özleşdirmegi meýilleşdirýär. Ýurtda 2017-nji ýylda taýýarlanan Esasy wodorod strategiýasy atly resminama rejelener. Täze maksatnamada häzirki wagtda 2 million tonna wodorod ýangyjy üpjünçiliginiň 2040-njy ýyla çenli 12 million tonna ýetirilmegi göz öňünde tutulýar. Hökümet başlygy Fumio Kisida agzalýan maksatnamanyň rejelenen görnüşiniň aýyň ahyryna çenli taýýar boljakdygyny mälim etdi. Kisida has köp wodorod üpjün etmek üçin Awstraliýa, Ýakyn Gündogar we Aziýa ýurtlary bilen hyzmatdaşlyk edilip, halkara üpjünçilik zynjyrynyň döredilendigini çaltlaşdyrmak isleýändiklerini aýtdy.
Ýurtda elektrik energiýasynyň önümçiliginde tebigy gaz we kömür ýaly gazylyp alynýan energiýa serişdeleri ulanylýar.
Ýurtda 2021-nji ýylda mälim edilen Milli strategik energiýa maksatnamasynda 2030-njy ýyla çenli elektrik energiýasynyň önümçiliginde ýadro beketleriniň we gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň artdyrylmagy, gazylyp alynýan energiýa çeşmeleriniň ulanylyşynyň azaldylmagy göz öňünde tutulýar.
Bu maksatnama görä, onýyllygyň ahyryna çenli ýadro beketleriniň elektrik önümçiligindäki paýynyň 22, täzelenýän energiýa serişdeleriniň paýynyň 38 göterime ýetirilmegi, suwuklandyrylan tebigy gazyň paýynyň 20 göterime, kömrüň paýynyň 19 göterime, nebitiň paýynyň 2 göterime çenli azaldylmagy maksat edinilýär.
Gaýtadan dikeldilýän energiýada bolsa, Gün beketleriniň paýynyň 15, gidroelektrik beketleriniň paýynyň 11, ýel fermalarynyň paýynyň 5, biomassa zyňyndylaryň paýynyň 5, geotermal energiýanyň paýynyň 1 göterime ýetirilmegi göz öňünde tutulýar.
Ýaponiýa geçen ýyl 72 million tonna suwuklandyrylan tebigy gaz import edip, bu ugurda dünýäde birinji bolupdy.
Mährijemal Taganowa, Lebap welaýatynyň Saýat etrabynyň 53-nji orta mekdebiniň mugallymy.
PDF









