Ýaponiýanyň ilatynyň geçen ýyl ozalky ýyldakydan 898 müň azalyp, 120,3 milliona düşendigi mälim edildi. Ýurduň Içeri işler we aragatnaşyk ministrliginiň ýaýradan maglumatyna görä, 2024-nji ýylyň oktýabr aýyndaky ýagdaýa görä, ýapon raýatlarynyň sany rekord derejede pese düşüpdir. Ýurtda ýaşaýan daşary ýurtlular hem hasaba alnanda, geçen ýylyň noýabrynda ilat 550 müň azalyp, 123,8 milliona düşüpdir. Zähmete ukyply ýaş aralygy kabul edilýän 15-64 ýaş aralygynda ilat bolsa 224 müň azalyp, 73,73 million bolupdyr. Ilatyň azalmagynda çaga dogluşynyň pese gaçmagynyň hem täsiriniň bardygy bellenildi.