Ýaponiýanyň parlamenti öňki Ykdysady howpsuzlyk we içeri işler ministri Sanae Takaitini Premýer-ministr wezipesine saýlady. Şeýlelikde, Talaiti ýurduň taryhynda bu bu wezipäni eýelän ilkinji zenan boldy.
21-nji oktýabrda Ýaponiýanyň parlamenti ýaňy-ýakynda dolandyryjy Liberal-demokratik partiýasynyň (LDP) başlygy wezipesine girişen Sanae Takaitini ýurduň Premýer-ministri hökmünde tassyklady. Onuň ilkinji wezipelerinden biri täze Ministrler Kabinetini döretmek bolar.
Tejribeli syýasatçy hökmünde tanalýan Sanae Takaiti 1961-nji ýylda Nara şäherinde dünýä inýär. Onuň kakasy awtoulag kompaniýasynda işleýärdi, ejesi polisiýa işgäridi. Ýaponiýanyň geljekki Premýer-ministri Kobe uniwersitetiniň ykdysadyýet fakultetini we Masusita döwlet dolandyryş we menejment institutyny gutardy. Takaiti talyp wagty rok aýdym-sazlary bilen gyzyklanýardy we motosikl sürýärdi.
Takaitiniň syýasy karýerasy 1980-nji ýyllarda başlandy. 1990-njy ýyllaryň başyndan bäri 10 gezek parlamente wekil saýlandy, diňe bir gezek ýeňlişe sezewar boldy. Soňra ol dürli wezipelerde, şol sanda, Sindzo Abeniň hökümetinde hem, az wagtlyk ministr wezipesinde işledi.
Täze Premýer-ministr zähmetsöýerligi, konserwatiw garaýyşlary hem-de milli howpsuzlyk meselelerine ünsi bilen tanalýar. Ol ABŞ bilen hyzmatdaşlyga gönükdirilen daşary syýasaty alyp barýar. Takaitiniň bahalaryň ýokarlanmagyny togtatmagyna we dekabr aýynyň ahyryna çenli ykdysady höweslendiriş boýunça çäreleri işläp düzmegine garaşylýar.