Ýy­lyň iň bir duý­ga baý möw­sü­mi ha­sap­lan­ýan güýz dür­li reňk­le­riň möw­sü­mi hök­mün­de hem bel­li­dir. Bu möw­süm­de te­bi­gat­da sa­ry we gy­zyl reňk­ler has köp görünýär. Eý­sem, güýz paslynda bo­lup geç­ýän bu ha­dy­sa­nyň se­bä­bi nä­me­kä?
Ösüm­lik­le­riň her­ birin­e reňk ber­ýän pig­ment­ler bolýar. Hlo­ro­fil bu ba­bat­da iň köp ýaý­ran pig­ment bo­lup, onuň tä­si­ri bi­len ýap­rak­lar ýa­şyl gö­rün­ýär. Ka­ro­tin bol­sa, ösüm­lik­le­re mä­mi­şi reň­ki ber­ýän pig­men­tiň baş­ga bir gör­nü­şi­dir. Ksan­to­fil­ler sa­ry reňki, an­tos­ýa­nin­ler bol­sa gy­zyl reňk­i ön­dür­ýär. Ösüm­lik­le­riň reňk­i ýylyň paslyna we ýetişýän top­ragy­na gö­rä üýt­ge­ýär. Ösüm­lik­ler fo­to­sin­tez wag­tyn­da Gün­den gelýän ýag­ty­ly­gy­ hi­mi­ki ener­gi­ýa öwür­ýär­ler. Bu pla­ne­ta­myz­da­ky ýa­şaý­şy gol­da­ýan kis­lo­rod, ýo­kum­ly mad­da­lar we beý­le­ki or­ga­ni­ki mad­da­la­ry dö­red­ýär. Güý­züň gel­me­gi bi­len ho­wa so­wap, Gün şöh­le­si peselip baş­la­ýar. Ösüm­lik­le­re az hlo­ro­fil ge­rek bo­la­ny üçin bu pig­ment ýu­waş-ýu­waş­dan dar­gap baş­la­ýar. Şeý­le­lik­de, ýap­rak­la­ryň ýa­şyl reň­ki ýi­tip, mä­mi­şi reňk ber­ýän ka­ro­tin pig­men­ti has gör­nük­li bol­ýar.
Gy­zyl reňk­li an­tos­ýa­nin pig­men­ti, te­bi­gy şe­ker sak­la­ýan kä­bir ösüm­lik ýap­rak­la­ryn­da to­mus aýy­nyň ahy­ry­na has köp reňk be­rip baş­la­ýar. Bu güýz­de reňk dür­lü­li­gi­ni ýo­kar­lan­dyr­ýar.
Hem­me­le­ri duý­gu­lar dün­ýä­si­ne atar­ýan güýz pas­lyn­da bo­lup geç­ýän tä­sin ha­dy­sa­la­ry yl­my taý­dan iç­gin öw­ren­mek bi­ziň te­bi­gat bi­len has-da ýa­kyn­laş­ma­gy­my­za ýar­dam ed­ýär.

Ža­han Mi­ra­bo­wa,
Türk­men oba ho­ja­lyk ins­ti­tu­ty­nyň ta­ly­by.