Beýik Britaniýanyň Uoriksk uniwersitetiniň alymlary ýaşaýyş üçin ýaramly bolan ekzoplanetalaryň 85 sanysyny ýüze çykardylar. Planetalaryň göwrümi 17 müňden 560 müň kilometr diametrdedir. Deňeşdirmek üçin, Ýeriň diametri 12 müň kilometrden biraz uludyr. Ylmy-barlaglar NASA kosmos edarasynyň TESS hemrasynyň maglumatlaryna esaslanyp geçirildi.
Ýer ýaly, bu planetalaryň köpüsi öz ýyldyzlarynyň ýaşamaga ýaramly zolagynda ýerleşýär diýip, alymlar belleýärler. Alymlar täze ýüze çykarylan 85 planetanyň 60-synyň ylym üçin bütinleý täzedigini belleýärler diýip, «The Independent» neşiri ýazýar.