Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döwründe ata Wa­ta­ny­my­zyň bi­lim­ler ýur­dy hök­mün­dä­ki şan-şöh­ra­ty bar­ha ar­şa gö­te­ril­ýär. Ýaş­la­ry­my­zyň hal­ka­ra bi­lim olim­pia­da­la­ryn­da, in­ter­net bäs­le­şik­le­rin­de yzy­gi­der­li çy­kyş edip, üs­tün­lik ga­zan­ma­gy hem şeý­le diý­mä­ge esas ber­ýär. Ýur­du­myz­da ýaş­la­ryň, şol san­da mek­dep okuw­çy­la­ry­nyň ara­syn­da dür­li de­re­je­li hal­ka­ra olim­pia­da­la­ry gu­ra­ma­gyň dä­be öw­rül­me­gi has-da be­gen­dir­ýär.
Şu ýy­lyň ýan­war aýy­nyň 13-17-si ara­ly­gyn­da Ga­za­gys­tan Res­pub­li­ka­syn­da ge­çi­ril­ýän ma­te­ma­ti­ka, fi­zi­ka we in­for­ma­ti­ka ders­le­ri bo­ýun­ça XVI hal­ka­ra Žau­ty­kow olim­pia­da­sy­na ýur­du­my­zyň mek­dep okuw­çy­la­ryn­dan saý­la­nan to­par hem gat­naş­dy. «IZ­ho 2025» hal­ka­ra olim­pia­da­sy­nda 15 döw­let­den 700-e go­laý mek­dep okuw­çy­la­ry baý­rak­ly orun­lar üçin bäs­leş­di­ler. Ga­za­gys­tan, Gyr­gy­zys­tan, Öz­be­gis­tan, Tä­ji­gis­tan, Rus­si­ýa, Be­la­rus, Er­me­nis­tan, Azer­baý­jan, Tür­ki­ýe, Gru­zi­ýa, Bol­ga­ri­ýa, Ru­my­ni­ýa, Ser­bi­ýa we Mon­go­li­ýa ýa­ly döw­let­ler bi­len bir ha­tar­da, Türk­me­nis­tan hem bu olim­pia­da­da my­na­syp we­kil­çi­lik et­di.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň 10-njy ýan­war­da san­ly ul­gam ar­ka­ly ge­çi­ren Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň mej­li­si­niň bar­şyn­da şu ýy­lyň ap­rel aýyn­da Aş­ga­bat­da mek­dep okuw­çy­la­ry­nyň ara­syn­da II hal­ka­ra ma­te­ma­ti­ka olim­pia­da­sy­nyň ge­çi­ril­jek­di­gi ba­ra­da ha­bar be­ril­me­gi mek­dep okuw­çy­la­ry­nyň da­şa­ry ýurt­lar­da hem-de ýur­du­myz­da hal­ka­ra bi­lim bäs­le­şik­le­ri­ne gat­na­şyp, öz alan bi­lim­le­ri­ni öz­leş­dir­ýän­dik­le­ri­niň aý­dyň ne­ti­je­si bo­lup dur­ýar.

Bäh­bit AGA­MY­RA­DOW,
Türk­men döw­let bi­na­gär­lik-gur­lu­şyk ins­ti­tu­ty­nyň ta­ly­by.