Hormatly Prezidentimiziň 2025-nji ýyly – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny garşylaýan günlerimizde çapdan çykan «Magtymguly – dünýäniň akyldary» atly täze kitaby halkymyza ajaýyp baýramçylyk sowgady boldy. Döwlet Baştutanymyzyň ýiti zehininden, jöwher paýhasyndan dörän taryhy ähmiýetli kitap ylmyň we çeper edebiýatyň muşdaklaryna, magtymgulyşynas alymlara hem-de giň jemgyýetçilige gymmatly serpaýdyr. Şu günler ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň bu gymmatly kitabynyň tanyşdyrylyş dabaralary giň gerimde dowam edýär.
Täze kitapda ýurdumyzda Gündogaryň görnükli söz ussady Magtymguly Pyragynyň dünýä edebiýatynyň altyn hazynasynda mynasyp orun alan çuň many-mazmunly, kämil şygyrlaryny öwrenmek, okyjylar köpçüligine ýetirmek babatda alnyp barylýan maksatnamalaýyn işler, şahyryň adyny, eserlerini ebedileşdirmek maksady bilen, aýratyn-da, şahyryň doglan gününiň 300 ýyllyk ýubileýi mynasybetli milli we halkara derejede geçirilen çäreler dogrusynda giňişleýin gürrüň edilýär.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz «Magtymguly – dünýäniň akyldary» atly täze kitabynda beýik şahyrymyz barada söz açyp: «Şahyryň berýän öwüt-ündewleri bilen özümizi we ýaş nesilleri belent ahlaklylykda terbiýeläp bilýäris. Ýaşlary pederlerimizden miras galan milli häsiýetler, watançylyk ruhy esasynda terbiýelemek, olaryň il-ýurda, halka, Watana bolan söýgüsini gazanmak üçin Magtymguly Pyragynyň öwüt-ündewlerine berk eýermelidiris» diýip belleýär. Hakykatdan-da, hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, beýik akyldaryň eserleri ýurdumyzyň her bir raýatynyň mähriban halkymyza, eziz Diýarymyza, berkarar döwletimize bolan söýgüsini, hormat-sarpasyny artdyrýar. Döwlet Baştutanymyzyň täze kitaby bolsa Magtymguly Pyragynyň baý we köptaraply döredijiligine düşünmekde, eserleriniň manysyna çuňňur akyl ýetirmekde ähli halkymyz, aýratyn-da, ýaşlar üçin gymmatly gollanmadyr.
Hormatly Prezidentimiziň täze kitaby özüniň ajaýyp eserleri bilen türkmen paýhasyny dünýä ýaýan akyldar şahyrymyzyň umumadamzat ähmiýetli baý döredijiligine bagyşlanyp, halkymyzda mukaddeslik saýylýan keremli söze goýulýan belent hormatyň aýdyň güwäsidir. Munuň özi kitabyň gymmatyny has-da artdyrýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bu çeper we ylmy-filosofik eseri watandaşlarymyzyň her biri üçin durmuşda we döredijilikde şamçyragdyr. Şeýle eserler ýaş nesilleri watançylyk, arassa ahlaklylyk, belent ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemekde gymmatly hazynadyr.
Kitapda şahyryň edebi mirasynyň häzirki döwürde halkara gatnaşyklary berkitmekde we halklaryň arasynda medeni dialogy ilerletmekde möhüm ähmiýete eýe bolýandygy aýratyn bellenilýär. Bu babatda hormatly Prezidentimiz Magtymguly Pyragyny «Аgzybirligiň ündewçisi» diýip atlandyrýar. Şol bir wagtda, ýurdumyzyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamasy esasynda 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmeginiň özeninde hem ussadyň ynsanperwer pikir-garaýyşlarynyň durandygyna ünsi çekýär.
Kitabyň mazmuny «Magtymgula düşünmegiň açary», «Magtymguly Pyragy mekdebi we türkmen magtymgulyşynaslary», «Pähim-paýhas ummany», «Parahatçylygyň şahyry», «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň şahyry», «Halk ýadyndan aýrylma», «Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy bilen bagly kabul edilen resminamalar, gutlaglar we çykyşlar», «Hakyň hem hakykatyň ýolunda» atly bölümleriň sekizisinde beýan edilýär. Kitap ýokary çaphana usulynda neşir edilip, üç dilde – türkmen, rus we iňlis dilleriniň hersinde aýratyn kitap görnüşinde giň halk köpçüligine ýetirildi. Onuň sahypalarynda şekillendiriş sungatynyň dürli eserleriniň suratlary hem ýerleşdirilip, kitap owadan fotosuratlar bilen bezelipdir.
Döwran ANNANEPESOW,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň mugallymy.