Ylym-bilim pudagynda gazanylýan üstünlikler özüniň miwesini berýär. Soňky ýyllarda bilim pudagyna sanly ulgamyň giňden ornaşdyrylmagy bilen türkmen ýaşlary tehnologiýa babatda öz başarnyklaryny giňden özleşdirmäge mümkinçilik alýarlar. Muňa halkara ýaryşlarda gazanylan üstünlikler hem subutnamadyr. 1–7-nji iýunda Türkmenistanyň topary dünýäniň iň abraýly uniwersitetleriniň biri bolan Kaliforniýa uniwersitetinde (UCLA), Los-Anjelesde geçirilen XCEL olimpiadasyna gatnaşdylar. Bu bäsleşige Malaýziýadan, Hytaýdan, Gyrgyzystandan, Gazagystandan, Özbegistandan, Alžirden, Indoneziýadan we ABŞ-dan okuwçylar gatnaşdylar. 250-den gowrak gatnaşyjy matematika, kognitiw ylymlar, robototehnika we sungat ugurlarynda bäsleşdiler. Ildeşlerimiz ýokary netije görkezip, altyn, kümüş we bürünç medallary gazandylar. «ImdatBot» bilim merkezi bilen Türkmenistanyň Maglumatlar tehnologiýalarynyň Türkmen-hindi merkezi tarapyndan taýýarlanan robototehnika taslamalary ýokary baha mynasyp boldy. Bu ýaryşda Aşgabat halkara mekdebiniň, A.S.Puşkin adyndaky Türkmen-rus bilelikdäki mekdebiň, Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen mekdep-internatynyň, Aşgabat şäherindäki iňlis dili, himiýa we biologiýa derslerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 86-njy orta mekdebiň, Aşgabat şäherindäki iňlis dili çuňlaşdyrylyp öwredilýän ýöriteleşdirilen 135-nji orta mekdebiň hem-de 18-nji orta mekdebiň okuwçylary tapawutlandylar. XCEL olimpiadasy ylmy, tehnologiýany, inženerçiligi we matematikany (STEM) ösdürmekde zehinli ýaşlary ýüze çykarmaga we goldamaga gönükdirilen, dünýäniň öňdebaryjy bilim jemgyýetleri tarapyndan ykrar edilen olimpiadadyr.
Atamyrat AŞYROW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.