Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ösüp gelýän nesiller hakyndaky alada ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu ugur ýaşlaryň jemgyýetiň we döwletiň ykdysady, syýasy hem medeni durmuşyna ynamly gatnaşmagy, hukuklarynyň we azatlyklarynyň amala aşyrylmagy üçin şertleriň döredilmegine gönükdirilýär. Ýurdumyzyň eşretli geljegini nazarlaýan oňyn başlangyçlaryň milli bilim ulgamyna gönükdirilmegi ýaş nesliň bilimli, aň-düşünjeli, akylly-paýhasly kemala gelmeginde möhüm ähmiýete eýedir. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ylym-bilimi ösdürmekde, ýaşlara döwrebap bilim bermekde ähli mümkinçilikler döredilýär.
Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň barha gülläp ösmeginde, Watanymyzyň şan-şöhratynyň, at-abraýynyň has-da belent derejelere göterilmeginde bagtyýar ýaşlaryň mynasyp orny bar. Arkadagly Serdarymyzyň öňdengörüjilikli başlangyçlary netijesinde ýaşlar baradaky döwlet syýasaty üstünlikli durmuşa geçirilýär. Biz talyp ýaşlaryň nazaryýetde öwrenen ylmyny iş ýüzünde amala aşyrmak üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Häzirki wagtda «Türkmen atlary» döwlet birleşiginde biz hünär tejribeligini geçýäris. Bu ýerde biz nazaryýetde öwrenen bilimimizi amalyýetde synap görmäge, içgin özleşdirmäge mümkinçilik alýarys. Şeýle hem iňlis dilindäki maglumatlary türkmen diline terjime etmek we türkmen dilindäki maglumatlary iňlis diline terjime etmek bilen terjimeçilik tejribeligini geçýäris. Tejribelik geçýän döwrümizde «Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň ýörite hünärmenleriniň tanyşdyrmagy esasynda türkmen atçylygyna degişli adalgalar bilen tanyşýarys.
Häzirki wagtda ösüşlerden ösüşlere barýan mähriban Watanymyzda ýaş nesliň döwrebap, kämil bilim almagy üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Prezidentimize alkyşly sözlerimizi aýdýarys! Goý, hormatly Prezidentimiziň jany sag, belent başy aman, tutýan tutumly işleri elmydama rowaç bolsun!
Aýlar BAÝRAMOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby.