Ýaş nesiller, olaryň sazlaşykly ösüşi we saglygy, mynasyp bilim-terbiýe almaklary, saýlap alan hünärine eýe bolmaklary, ylym we döredijilik, bedenterbiýe, sport bilen meşgullanmaklary üçin zerur şertleriň döredilmegi baradaky alada ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi.
Häzirki wagtda eziz Diýarymyzda ýaşlar baradaky döwlet syýasaty üstünlikli amala aşyrylýar. Okamak we öwrenmek, sport bilen meşgullanmak, döredijilikli we yhlasly zähmet çekmek bilen, eziz Watanymyzyň gülläp ösmegine mynasyp goşant goşmak bagtyýar nesillerimiziň baş maksady bolup durýar. Munuň özenini Esasy Kanunymyzda berkidilen kadalar emele getirýär. Konstitusiýamyzyň 40-njy maddasynda: «Döwlet ýaşlaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň amala aşyrylmagy üçin şertleri döredýär we olaryň hemmetaraplaýyn ösüşine ýardam edýär» diýlip bellenilendir.
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli göz öňünde tutulan çäreleriň meýilnamasyny ýerine ýetirmek maksady bilen, ýurdumyzyň wekiliýetiniň 15 – 17-nji aprelde ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherinde geçiriljek BMG-niň Ykdysady we Durmuş geňeşiniň ýaşlar forumynyň işine gatnaşmagy, şeýle hem onuň çäklerinde 16-njy aprelde Türkmenistanyň başlangyjy bilen döredilen Merkezi Aziýanyň ýaşlarynyň dialogynyň ikinji duşuşygyny guramak meýilleşdirilýär. Şunuň bilen birlikde, maý aýynda BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysynyň wekilhanasy bilen bilelikde Aşgabatda Merkezi Aziýa döwletleriniň ýaş hünärmenleriniň arasynda sebitleýin hyzmatdaşlygy berkitmek we hünär başarnyklaryny kämilleşdirmek maksady bilen, Merkezi Aziýanyň ýaş diplomatlary we döwlet gullukçylary üçin sebitleýin okuw maslahaty hem guralar. Şeýle hem BMG-niň agentlikleri tarapyndan ýaşlaryň we ýetginjekleriň ösüşine, olaryň başarnyklaryny kämilleşdirmäge ýardam bermäge, halkara we sebit derejesinde geçirilýän çärelerde olaryň wekilçiligini giňeltmäge gönükdirilen 2025 – 2027-nji ýyllar üçin «Ýaşlar, parahatçylyk we howpsuzlyk» atly bilelikdäki maksatnamanyň taslamasy işlenip taýýarlanar. Bular barada 20-nji martda geçirilen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisinde giňişleýin bellenip geçildi.
Ýaşlaryň jemgyýetçilik-syýasy işjeňligini ýokarlandyrmak, olaryň döwrebap bilim almagy, hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmegi üçin giň mümkinçilikleri döretmek, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. BMG-niň «Ýaşlar – 2030» strategiýasynyň maksatlaryndan we wezipelerinden ugur alnyp, «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanuny, ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 – 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy, «Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023 – 2030-njy ýyllar üçin Strategiýasy» tassyklanyldy. Olary durmuşa geçirmegiň çäklerinde, şeýle hem BMG bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de işjeňleşdirmek babatda çäreleriň ähmiýeti örän uly bolar.
Ýaşlara okamaga, öwrenmäge, döredijilik hem-de sport bilen meşgullanmaga giň mümkinçilikleri döredýän
Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman
Serdarymyzyň janlarynyň sag, başlarynyň dik bolmagyny, işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw edýäris.
Bakygeldi NURYÝEW,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň mugallymy.