Halkymyzyň asyrlardan bäri durmuşyň wajyp meselelerini halkyň içinde sylanýan, hormatlanýan adamlar bilen maslahatlaşyp, sala salşyp çözendigi bize taryhdan mälimdir. Halkymyzda «Maslahatly il myrada ýeter», «Geňeşli il salamat bolar», «Döwletliniň başlan işi oň bolar», «Maslahatly biçilen don gysga bolmaz» ýaly pähimler bar. Häzirki döwürde hem milli däplere laýyklykda, her bir işi maslahatlaşmak asylly däbe öwrüldi. Şol döwletli maslahatlarda kabul edilýän çözgütler hem il alkyşy, halk goldawy bilen ýurdumyzyň täze ösüşlerine badalga berýär. Gahryman Arkadagymyz «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabynda Halk Maslahatynyň ata-babalarymyzyň ýaşululardan maslahat sorap, akyldar, ylymdar geňeşdarlary ýygnap, karara gelmek ýörelgesidigini, demokratiýany durmuşa ornaşdyrmagyň bir ugrudygyny belleýär. Geçmişi, şu güni we geljegi baglanyşdyrýan, her bir şahsyýeti adamkärçilige, päk ahlaklylyga ugrukdyrýan, maşgala agzybirligini pugtalandyrýan, manyly ömür menzilleri, öwüt-ündewleri bilen belent maksatlara, täze üstünliklere ruhlandyrýan ýaşulularyň mertebesi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe has-da belende göterilýär. Ýaşululara hormat goýmak, olaryň hormatyny belende götermek pederlerimizden miras galan asylly däpleriň biridir. Olaryň jemgyýetdäki mynasyp ornuny, ösüp gelýän ýaş nesli halallyk, watançylyk, zähmetsöýerlik, edermenlik ruhunda terbiýelemekdäki hyzmatyny biz şanly taryhymyzda, edebi mirasymyzda, gündelik durmuşymyzda hem aýdyň görýäris. Ýurdumyzda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň hem-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşi hereket edýär.
Häzirki wagtda ýurdumyzda ähli ugurlarda uly ösüşler gazanylyp, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi yzygiderli gowulandyrylýar. Bu gazanylanlary wagyz-nesihat etmekde uly durmuş tejribesi bolan ýaşulular halkymyzyň, hususan-da, ýaşlaryň arasynda degişli işleri alyp barýarlar. Şunuň bilen birlikde, ýaşlaryň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösüşini üpjün etmäge gönükdirilen asylly işleri, ýurdumyzda durmuşa geçirilýän özgertmeleriň many-mazmunyny, ýurdumyzy ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny wagyz-nesihat etmekde Ýaşulular geňeşiniň alyp barýan işi möhümdir.
«Ýaşulular agzybirligimizi pugtalandyrmakda, milli bitewüligimizi berkitmekde, watansöýüji nesilleri kemala getirmekde ýakyn maslahatçylardyr. Eziz Watanymyzy ýürekden söýmegi, ata-enä hormat goýmagy, halal ýaşamagy ündeýän ýaşuly nesillerimize hormatymyz örän uludyr. Şoňa görä-de, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Ýaşulular geňeşi häzirki döwürde döwlet bilen halkyň jebisligini, ösüş ýollaryna garaýyşlarynyň bitewüligini berkidýän esasy syýasy-jemgyýetçilik güýç hökmünde ornuny pugtalandyrýar» diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri belledi.
Ýene sanlyja günden Aşgabat şäheriniň Maslahat köşgünde Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi geçiriler. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllygynyň öňüsyrasynda, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesiniň 30 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda geçiriljek bu taryhy maslahatda geçen döwürde alnyp barlan işleriň jemi jemlener, geljek üçin ileri tutulýan wezipeler kesgitlener we ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmäge, halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen düýpli özgertmeleri amala aşyrmagyň ileri tutulýan wezipelerine garalar.
Häzirki wagtda Halk Maslahatynyň mejlisine ýokary derejede taýýarlyk görülýär hem-de ony guramaçylykly geçirmek üçin Halk Maslahaty, Ministrler Kabineti, ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, häkimlikler, iri jemgyýetçilik birleşikleri bilelikde degişli işleri alyp barýar.
Umuman, ýurdumyzda demokratik ösüşleriň çuňlaşdyrylmagy, raýat jemgyýetiniň işjeňleşmegi, ykdysady gatnaşyklaryň geriminiň yzygiderli giňemegi ýaly oňyn görkezijiler türkmen jemgyýetiniň ýaşaýyş-durmuş derejesini hem özgerdýär. Halkymyzyň röwşen geljegini nazarlaýan döwlet ähmiýetli meseleleriň çözgüdini kabul etmekde ýaşululara geňeşmek, sala salmak däbine eýerilmegi bolsa döwletlilikden we bagtyýarlykdan nyşandyr.
Maýsa Satymowa,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymy.