Ýaşulularyň halkara gününiň BMG tarapyndan döredilenine 35 ýyl boldy. Şol mynasybetli ýaşuly ilat barada maglumat ýaýradyldy. Dünýäde 2050-nji ýyla çenli 60 ýaşdan ýokary ilatyň 2,1 milliarda ýetjekdigi çaklanylýar. Soňky 30 ýylda adamlaryň ömri ortaça 8,6 ýyl uzapdyr. 1995-nji ýylda ýaşuly ilatyň sany 541 million bolan bolsa, şu ýylyň ahyryna çenli 1,2 milliarda ýeter. Çaklamalara görä, 2030-njy ýyla çenli dünýäde her 6 adamdan biri 60 ýaşdan uly bolar. Ilat sanyna görä, ýaşuly ilatyň has köp ýaşaýan ýurtlarynyň arasynda Monako birinji ýeri eýeleýär.
Leýli ÖWEZBERDIÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň mugallymy.
PDF









