Alek­sandr Grin

«Edebiýat – dost-doganlyk köprüsi» atly bäsleşigimizde ikinji orna mynasyp bolan hekaýa

Lon­don, 1920–nji ýy­lyň gy­şy. Pi­ka­dil­la kö­çe­sin­den beý­le­ki kö­çä ge­çil­ýän burç­da go­wy geý­nüwli iki sany er­kek adam aýak çek­di. Olar ýa­ňy­ja gym­mat ba­ha­ly res­to­ran­da na­har­la­nyp, şeý­le hem Drýu­ri­len te­at­ry­nyň ar­tist­le­ri bi­len deg­şip–gül­şüp, wag­tlary­ny şa­dy­ýan ge­çi­rip gel­ýär­di­ler. Hä­zir bol­sa iki­si­ni­ňem bar ün­si ýo­luň gy­ra­syn­da hiç hi­li he­re­ket­siz ýa­tan, üst–ba­şy göz­gy­ny, ýig­ri­mi bäş ýaş­la­ryn­da­ky ýi­git bi­len onuň tö­we­re­gi­ne üý­şüp baş­lan mä­hel­lä gö­nük­di.
– Stil­ton! – di­ýip, çi­şik dos­ty aşak eg­lip, ýa­ta­na se­re­dip du­ran ýol­da­şy­na ýig­renç bi­len gy­gyr­dy. – Sen oňa se­re­dip otur­ma, ol ga­ty ser­hoş­dyr ýa–da ölen­dir.
– Men aç… men di­ri – di­ýip, nä­ta­nyş ýe­rin­den ça­la ga­lyp, özü­ne se­re­dip pi­ki­re ba­tan Stil­to­na jo­gap ber­di: – Men hu­şum­dan git­dim.
Stil­ton:– Reý­mer! Yn­ha, sa­ňa tä­ze he­zil­lik. Men­de şeý­le bir go­wy pi­kir dö­re­di. Şu wag­ta çen­li meş­gul­la­nan äh­li güý­men­je­le­ri­miz iki­mi­zi­ňem ýü­re­gi­mi­ze düş­di, me­niň pi­ki­rim­çe, iň go­wy güý­men­je ada­my oý­na­waç edip oý­na­mak­dyr – diý­di.
Ol bu söz­le­ri şeý­le bir ýu­waş aýt­dy we­lin, ýe­rin­den ga­lyp di­ke­len nä­ta­nyş ýi­git eşit­me­di.
Reý­me­riň bu gür­rüň­ler per­wa­ýy­na–da däl­di, ol eg­ni­ni sil­kip, ýe­ne–de öz gi­je­ki klu­by­na git­di. Stil­ton bol­sa üý­şen adam­la­ryň we po­li­si­ýa iş­gär­le­ri­niň oň­la­ma­gy bi­len me­jal­syz ýi­gi­di paý­tu­na mün­dür­di.
Paý­tun ola­ry Gaýst­ri­tiň na­har iýil­ýän trak­ti­ri­ne ge­tir­di. Bu ga­ra­maň­la­ýyň ady Jon Iw eke­ni. Ol Ir­lan­di­ýa­dan Lon­do­na iş göz­läp ge­lip­dir. Iw ýe­tim galyp, to­kaý­çy­nyň maş­ga­la­syn­da ter­bi­ýe­len­ýär, onuň baş­lan­gyç synp­dan baş­ga hiç hi­li bi­li­mi ýok­dy. On bäş ýa­şan wag­ty ene­ke­si ara­dan çyk­ýar. To­kaý­çy­nyň uly ogul­la­ry­nyň her­si bir şä­he­re, bi­ri Ame­ri­ka, beý­le­ki­si Gü­nor­ta Uel­se, ýe­ne–de bi­ri Ýew­ro­pa gid­ýär. Iw bir­nä­çe wagt­lap bir fer­me­riň­ki­de iş­le­ýär. Soň­ra kö­mür ga­zy­jy, de­ňiz­çi, na­har­ha­na­da hyz­mat­kär bo­lup iş­le­ýär. Iň ahy­ryn­da Lon­do­na iş göz­läp ge­lip­dir, ýö­ne bu ýer­de–de iş ta­paý­ma­gyň aň­sat däl­di­gi­ne göz ýe­ti­rip­dir. Ol kö­çe­ler­de, bag­la­ryň için­de ýat­ýar­dy. Iw ahy­ry aç­lyk­dan, ys­gyn­syz­lyk­dan ýy­ky­lyp ýa­tan wag­ty ony Stil­ton, ýag­ny şä­her­dä­ki äh­li söw­da am­mar­la­ryň eýe­si alyp gaýt­dy.
Kyrk ýaş­la­ryn­da­ky Stil­to­nyň pu­ly we­şeň–we­şeň­di, has dog­ru­sy, 20 mil­li­on funt da­gy baý­ly­gy bar­dy, özem sal­lah adam­la­ryň güý­men­je­le­ri­niň äh­li­sin­den ha­bar­ly­dy. Ýa­tak ja­ýy­nyň ýa-da azy­gyň hiç hi­li ala­da­sy ýok­dy. Stil­ton Iw bi­len nä­hi­li oýun et­jek­di­gi­ni eý­ýäm aňyn­da bi­şi­rip­di, beý­le oý­ny oý­lap ta­pa­ny üçin buý­san­dy, özü­ni örän me­kir ha­sap et­di.
Iw oňat na­har­la­nyp, ba­şyn­dan ge­çi­ren­le­ri­ni gür­rüň be­ren­soň, Stil­ton oňa şeý­le diý­di:
– Men­de siz üçin bir go­wy tek­lip bar, ony eşi­däý­se­ňiz, şat­lyk­dan göz­le­ri­ňiz ýa­naý­sa ge­rek. Ýag­ny siz er­tir hök­man mer­ke­zi kö­çe­le­riň ug­run­da­ky jaý­la­ryň bi­ri­niň ikin­ji ga­tyn­dan otag ki­re­ýi­ne al­ma­ly. Ýö­ne şol bir wag­tyň özün­de, şol bir pen­ji­re­de ag­şam sa­gat bäş­den on ikä, ýag­ny ýa­ry­gi­jä çen­li da­şy ýa­şyl reňk ör­tü­len çy­ra­ny ýak­ma­ly. Çy­ra ýa­nyp dur­ka, siz hiç ki­mi öýe ge­tir­me­li däl, hiç kim bi­len gür­leş­me­lem, hiç ýe­re git­me­lem däl. Bu iş ky­nam däl we­lin, eger ra­zy bol­sa­ňyz, si­ze aý­da on funt ibe­re­rin. Ýö­ne men si­ze öz ady­my aýt­jak däl.
– Eger–de siz de­giş­me­ýän bol­sa­ňyz, beý­le aja­ýyp tek­lip üçin men öz ady­my-da ýat­dan çy­kar­ma­ga ra­zy! – di­ýip, Iw so­ra­dy: – Ýö­ne bu he­zil iş ha­ça­na çen­li do­wam edip bi­ler?
– Onuň bel­li möh­le­ti ýok. Bel­ki bir ýyl, bel­ki-de ömür­bo­ýy.
– Bu ha­sam go­wy. So­ra­ma­ga het ede­ýin, si­ze ýa­şyl çy­ra­ny ýa­kyp goý­mak nä­me üçin ge­rek bol­dy?
– Bu giz­lin syr! Be­ýik syr! – Stil­ton äw­män jo­gap ber­di: – Çy­ra adam­lar we ola­ryň ed­ýän iş­le­ri ba­ra­da mag­lu­mat be­rer, ýö­ne siz ol iş­ler ba­ra­da hiç wagt hiç zat bil­mer­si­ňiz.
– Hiç za­da dü­şün­me­dim, em­ma ze­le­li ýok. Men ra­zy, ha­ny, siz wa­da be­ren pu­lu­ňy­zy be­riň, er­tir ir­den di­ýen sal­gy­ňy­zyň pen­ji­re­sin­de ýa­şyl çy­ra şöh­le sa­çyp du­rar.
Şeý­le­likde, kö­çe­de ygyp ýö­ren ýi­git bi­len mil­lio­ne­riň ara­syn­da geň şert­na­ma bag­la­şyl­dy.
Stil­ton hoş­la­şyk­da şeý­le diý­di:
– On­so­ňam, ha­çan­dy­gy­nyň bel­li­si ýok, bel­ki bir aý­dan, bel­ki-de bir ýyl­dan, ýa­ny­ňy­za ga­ra­şyl­ma­dyk ýer­den bir nä­ta­nyş ada­myň ge­lip, si­ze örän kän pul go­ýup git­me­gi-de müm­kin. Nä­me üçin­di­gi­ni aý­dyp bil­jek däl, ýö­ne ga­ra­şy­be­riň.
Iw onuň mü­nen paý­tu­ny­nyň yzyn­dan se­re­dip elin­dä­ki on funt pu­ly aý­lap dur­şu­na, iň­ki­se gi­dip hü­ňür­de­di: – Ýa bu adam ak­lyn­dan aza­şan, ýa-da men tüýs bag­ty ge­ti­ren. Her gün çy­ra üçin ýa­rym litr nep­ýag ýak­ma­gy­ma şeý­le um­ma­syz pul hö­dür­le­ýär.
Er­te­si ag­şam Ri­wer-strit kö­çe­si­niň 52–nji ja­ýy­nyň ga­raň­ky pen­ji­re­sin­de ýa­şyl çy­ra şöh­le saç­dy. Ja­ýyň gar­şy­syn­da­ky ýo­da­jyk­da iki adam ol çy­ra­ny syn­lap bir­nä­çe wagt dur­du­lar, soň­ra biri beýlekisine şeý­le diý­di:
– Diý­mek, Reý­mer, ga­dyr­da­n, içi­ňiz gy­san wag­ty şu ýe­re ge­liň! Ol pen­ji­rä­niň aňyr­syn­da ha­ky­ky sam­syk otyr. Özem uzak möh­let­le­ýin sa­tyn al­nan ak­mak. Onuň içi gy­syp, aky­lyn­dan aza­şar, ýö­ne şol ga­ra­şar otu­rar, özem nä­mä ga­raş­ýa­ny­ny-da bil­mez. Hol­ha-da, ol, se­re­diň!
Ha­ky­kat­da­nam, pen­ji­re­de su­dur gö­rün­di, özem maň­la­ýy­ny pen­ji­rä deg­rip dur­şu­na: «Ol ýer­de kim bar? Men nä­mä ga­raş­ma­ly? Kim ge­ler?» di­ýip so­ra­ýan ýa­ly umy­dy­gär­lik bi­len ga­raň­ky kö­çä se­red­ýär­di.
Reý­mer oňa se­re­dip: – Bol­sa-da si­zem akyl­ly adam däl, jenap Stilton – diý­di. Soň­ra Stil­to­nyň gol­tu­gy­na gir­di-de, ony ula­ga alyp git­di: – Bu oý­nuň nä­me gy­zy­gy­nyň bar­dy­gy­na hiç dü­şün­me­ýä­rin.
– Oý­na­waç, di­ri adam­dan oý­na­waç! – di­ýip, Stil­ton jo­gap ber­di: – Bu iň gy­zyk­ly güý­men­je ahy­ryn!
***
1928–nji ýyl. Lon­do­nyň ete­gin­dä­ki ga­ryp­lar üçin ni­ýet­le­nen has­sa­ha­na tä­ze ge­ti­ri­len ge­ýim­le­ri ha­pa, ar­ryk gar­ry agy­ry­sy­na çy­da­man iň­le­ýär­di. Ol ga­raň­ky ja­ýyň bas­gan­ça­gyn­dan ýy­ky­lyp, aýa­gy­ny döw­dü­rip­di.
Gar­ry­ny hi­rur­gi­ýa bö­lü­mi­ne elt­di­ler. Süňk­le­ri ga­ty bi­jaý dö­wü­len­soň, gan da­mar­la­ry­na–da ze­per ýe­ten eke­ni. Mu­ny gö­ren luk­man gys­sag­ly ope­ra­si­ýa et­me­li di­ýen ne­ti­jä gel­di. Des­si­ne ope­ra­si­ýa edi­lip, has­sa­nyň bir aýa­gy­ny ke­sip aýyr­dy­lar. Nä­sag özü­ne ge­len­de, gar­ry­nyň öňün­de sag aýa­gy­ny ke­sen luk­man otyr­dy.
– Gör, biz nä­hi­li ýag­daý­da du­şuş­dyk! – di­ýip, uzyn boý­ly, örän gus­sa­ly ba­kyş­ly luk­man dil ýar­dy: – Siz me­ni ta­na­dy­ňyz­my, je­nap Stil­ton? Men Jon Iw, siz ma­ňa her gün gi­je­le­ri­ne ýa­şyl çy­ra ýak­ma­gy buý­rup­dy­ňyz. Si­zi gö­ren des­si­me ta­na­dym.
– Al kak­syn-da se­ni! – di­ýip, Stil­ton luk­ma­na ga­rap hü­ňür­de­di: – Gör­se­ne, bu bol­ýan iş­le­ri! Beý­le zat müm­kin­mi be­rin?
– Gö­rüp dur­şu­ňyz ýa­ly. Ýö­ne, je­nap Stil­ton, si­ze ne döw çal­dy? Ga­ryp düş­me­gi­ňi­ze nä­me se­bäp bol­dy?
– Men bar za­dy­my, baý­ly­gy­my ýi­tir­dim… In­dem üç ýyl­dan bä­ri ýar­lyk­ly ga­ryp. Si­ziň­ki we­lin, çü­wüp­dir. Ýe­ri, nä­dip beý­le de­re­jä ýet­di­ňiz?
– Men si­ziň buý­ru­şy­ňyz ýa­ly, bir­nä­çe ýyl­lap ag­şam­la­ry­na çy­ra ýak­dym – di­ýen Iw ýyl­gyr­dy: – Il­ki ýü­re­gim gy­syp, eli­me dü­şen ki­tap­la­ry oka­dym. Bir ge­ze­gem ýa­şa­ýan ota­gy­myň ki­tap tek­je­sin­de du­ran «Ana­to­mi­ýa» ki­ta­by­na gö­züm düş­di. Alyp oka­dy­gym­ça öňüm­de adam be­de­ni­niň haý­ran gal­dy­ry­jy syr­la­ry açyl­dy. Edil ja­dy­la­nan ýa­ly, uzak gi­je­läp ol ki­ta­by oka­dym. Er­te­si ir­de­nem ki­tap­ha­na ba­ryp: «Luk­man bol­mak üçin nä­hi­li ki­tap­la­ry oka­ma­ly?» di­ýip so­ra­dym. «Ma­te­ma­ti­ka­ny, geo­met­ri­ýa­ny, bo­ta­ni­ka­ny, zoo­lo­gi­ýa­ny, mor­fo­lo­gi­ýa­ny, bio­lo­gi­ýa­ny, far­ma­ko­lo­gi­ýa­ny, la­tyn di­li­ni we şu­ňa meň­zeş­le­ri öw­ren­me­li» di­ýip jo­gap ber­di­ler. Şol wag­ta çen­li men eý­ýäm iki ýy­la go­laý çy­ra ýa­kyp­dym. Bir ge­zek öýe do­la­nyp gel­ýär­käm, bir ada­myň pen­ji­rä­me ýig­renç bi­len se­re­dip du­ra­ny­ny gör­düm. Ol: «Iw – di­ri sam­syk!» di­ýip, me­ni gör­män öz ýa­nyn­dan hü­ňür­de­ýär­di. – Ol boş wa­da­la­ra, um­ma­syz pu­la ga­raş­ýar… özem, umy­dy­ny ýi­tir­män ga­raş­ýar. Men bol­sa eý­ýäm äh­li baý­ly­gy­my ýi­tir­dim!». Ol adam siz­di­ňiz. So­ňam şeý­le diý­di­ňiz: «Sam­syk­lyk bi­len gu­ra­lan oýun. Pul­la­ry­my ýe­le so­wur­ma­ly däl­dim».
Şol wag­ta çen­li men eý­ýäm bir­nä­çe ki­tap­la­ry sa­tyn alyp­dym, se­bä­bi hiç za­da se­ret­mez­den, di­ňe oka­ma­ly di­ýen ne­ti­jä ge­lip­dim.
– Soň­ra nä­me bol­dy? – di­ýip, Stil­ton py­şyr­dap so­ra­dy.
– Soň­my? Ýa­nym­da bir ta­lyp yi­git ýa­şa­ýar­dy, ol me­niň luk­man bol­mak üçin ze­rur bi­lim­le­ri ele al­ma­gy­ma kö­mek et­di. Şeý­le­lik bi­len bir ýa­rym ýyl­dan luk­man­çy­lyk kol­le­ji­ne oku­wa gir­mek üçin sy­nag tab­şyr­dym. Gör­şü­ňiz ýa­ly, men örän ba­şar­jaň adam eke­nim.
Ara dy­myş­lyk düş­di.
– Men köp­den bä­ri si­ziň pen­ji­rä­ňi­ziň ýa­ny­na bar­man­dym – di­ýip, Iwiň gür­rü­ňin­den aňy sar­san Stil­ton aýt­dy: – Ýö­ne göw­nü­me bol­ma­sa, hä­zi­rem şol pen­ji­rä­niň öňün­de ýa­şyl çy­ra ýa­nyp dur­mu­ka diý­ýä­rin. Me­ni ba­gyş­laň!
Iw sa­ga­dy­ny çy­kar­dy.
– Sa­gat on, si­ziň ýa­tar wag­ty­ňyz bol­dy, je­nap Stil­ton! Ýe­ne üç hep­de­den has­sa­ha­na­dan çy­kar­sy­ňyz. Şon­da hök­man ma­ňa jaň ediň! Bel­ki, si­ze öz has­sa­ha­na­myz­dan iş ta­pyp be­re­rin. Bä­rik dü­şen nä­säg­la­ryň at­la­ry­ny bel­le­me­li bo­lar­sy­ňyz. Bas­gan­çak­dan dü­şen wag­ty­ňyz ot­lu­çöp ýa­kyň, ýog­sa ol ýe­ri ga­raň­ky­dyr.

Terjime eden Selbi IMAMOWA,
Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň «Aýdym aýtmak sungaty» bölüminiň talyby.