Sa­ud Ara­bys­ta­nyn­da 50 ýyl mundan ozal üs­ti açy­lan ga­ýa­lyk­la­ryň 7 müň ýyl­lyk ta­ry­hy­nyň bar­dy­gy mä­lim bol­dy. 200 müň ine­dör­dül ki­lo­metr meý­da­ny tut­ýan bu bi­na­la­ryň däp-dessurlary ýerine ýetirmek üçin ula­ny­lan­dy­gy çak­la­nyl­ýar. Ýur­duň de­mir­ga­zyk-gün­ba­tar se­bi­tin­dä­ki bi­na­la­ryň Mü­sür­dä­ki pi­ra­mi­da­lar­dan we Ang­li­ýa­da­ky Sto­un­henj­den hem ozal gur­lan­dy­gy bel­le­nil­ýär. Bu bi­na­la­ra «ku­bik» ma­ny­sy­ny ber­ýän «mus­ta­til» di­ýil­ýär. 1970-nji ýyl­lar­da üs­ti açy­lan mus­ta­til­ler en­tek do­ly öw­re­nil­me­di. Gün­ba­tar Awst­ra­li­ýa uni­wer­si­te­ti­niň hü­när­me­ni Hýug To­mas we onuň ýol­baş­çy­lyk ed­ýän to­pa­ry mus­ta­til­le­riň çak­la­ny­ly­şyn­dan iki es­se köp meý­da­ny eýe­le­ýän­di­gi­ni ýü­ze çy­kar­dy­lar. To­mas bi­na­nyň ulu­dy­gy­na ýa­ny­na ba­ra­nyň­da has go­wy göz ýe­tir­ýän­di­gi­ňi aýd­ýar. Bu des­ga­lar daş­la­ryň üst-üs­tü­ne go­ýul­ma­gy bi­len gur­lup­dyr. Des­ga­nyň gur­lu­şy­gyn­da ula­ny­lan daş­la­ryň ulu­sy­nyň ag­ra­my ýa­rym ton­na ba­ra­bar. Se­bit­de mü­ňe go­laý des­ga bo­lup, ola­ryň di­war­la­ry­nyň uzyn­ly­gy 20 metr­den 600 met­re ýet­ýär. Sak­la­nyp ga­lan bö­le­gi­niň be­ýik­li­gi bol­sa, ba­ry-ýo­gy 1,2 met­re ba­ra­bar. Hü­när­men bu des­ga­la­ryň daş­ky howp­lar­dan go­ran­mak mak­sa­dy bi­len gur­lan bol­ma­gy­nyň müm­kin­di­gi­ni aýd­ýar.

Ga­dam­dur­dy Ho­ja­my­ra­dow,
S.A.Ny­ýa­zow adyn­da­ky Türk­men oba ho­ja­lyk uni­wer­si­te­ti­niň ta­ly­by.