Amerikanyň Nebraska ştatynyň Monowi şäherçesi iň az ilatly ýer hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabynda orun aldy. Bu ýerde şäherçäniň gaznaçysy, kitaphanaçysy, häkimi, edara gullukçysy, şeýle hem ýerli garbanyşhananyň eýesi Elsi Eýler ýaşaýar. 90 ýaşy arka atan Eýler 2004-nji ýylda tä adamsy Rudi aradan çykýança onuň bilen bu şäherçede ýaşady we şol günden bäri hem ol ABŞ-nyň ilat ýazuwynda resmi taýdan hasaba alnan ýeke ýaşaýjy bolmagynda galdy. Olar mekdepde tanyşyp, durmuş gurupdyrlar. Häzirki wagtda Elsi 3 binany birlikde, ýagny kitaphanany, öýüni, şol bir wagtda hem garbanyşhanany dolandyrmak bilen meşgullanýar. Elsiniň bu binalary açyp dolandyrmagynyň sebäpleri bar. Çünki ol 2005-nji ýylda adamsynyň 5 müň kitapdan ybarat bolan ýygyndysyny ulanmak arkaly, onuň hatyrasyna bagyşlap, kitaphana açýar. Elsi 1971-nji ýyldan bäri eýeçilik edýän garbanyşhanasynda ýerli daýhanlar, birnäçe dostlary bu ýere gelýän bilesigelijiler üçin tagamlary, kofe we reňkli içgileri uly höwes bilen taýýarlaýar. Onuň bu ýerdäki zatlarynyň bahasy şol öňküligine galypdyr. Mundan başga-da uly ýaşly zenan köp sanly makalalaryň awtory, şeýle hem telegepleşikleriň gahrymany hökmünde tanalýar. Onuň bu köp zähmeti sarp eden ajaýyp ýerine ABŞ-nyň dürli künjeklerinden, şeýle hem daşary döwletleriň 60-dan gowragyndan adamlar ýörite gelýärler. Umuman, Else şäherçäniň ýeke ýaşaýjysy bolsa hem, onuň ýüregi gysmaýar. Ony görmäge her gün diýen ýaly dostlary, dogan-garyndaşlary we agtyklary gelip durýar.
Mährem BABAMYRADOWA, TMÝG-niň Hojambaz etrap Geňeşiniň Ýaşlar guramasynyň işjeň agzasy.