Ang­li­ýa deň­ziň ke­nar­dan uzak­da­ky ýer­le­rin­de gu­rul­jak Ýew­ro­pa­nyň iň uly ýel be­ke­di­niň gur­lu­şy­gy­na ba­dal­ga ber­ýär. Önüm­çi­lik kuw­wa­ty 8,4 GW bol­jak iri tas­la­ma ba­ha­sy hem-de öl­çe­gi ba­bat­da bu ugur­da­ky bäs­deş­li­gi has-da ýi­ti­leş­dir­di. Tas­la­ma­nyň çäk­le­rin­de gu­rul­jak be­ket 10 mil­li­on öýi aras­sa elekt­rik ener­gi­ýa­sy bi­len üp­jün eder. Ýurt­da ge­çi­ri­len bäs­le­şik­ler­de Ang­li­ýa we Gal­ler­de 1 MW/sa­gat üçin 91,2 funt ster­ling, Şot­lan­di­ýa­da 1 MW/sa­gat üçin 89,5 funt ster­ling bol­dy. Bu gör­ke­zi­ji­ler Bir­le­şen Pa­ty­şa­lyk­da tä­ze te­bi­gy gaz be­ke­di­ni gur­mak we iş­let­mek üçin edil­ýän çyk­da­jy­dan (1 MW/sa­gat üçin 147 funt ster­ling) 40 gö­te­rim ar­zan. De­ňiz­ler­de gu­rul­jak be­ket­ler­den al­nan elekt­rik ener­gi­ýa­sy sarp edi­ji­le­re te­bi­gy gaz bi­len de­ňeş­di­ri­len­de, her ýyl­da 1,7 mil­liard funt ster­ling ar­zan dü­şer.

Sona Islamowa,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymy.