Ang­li­ýa­da 2020-nji ýyl­da­ky 68 te­ra­wat/sa­gat bo­lan ýel ener­gi­ýa önüm­çi­li­gin­dä­ki re­kord ta­mam­la­nyp bar­ýan ýyl­da 74 te­ra­wat/sa­ga­da ýet­di. Ýurt­da ýe­liň köp öwüs­me­gi we has köp tur­bi­na­nyň gu­rul­ma­gy önüm­çi­li­giň gör­ne­tin art­ma­gy­na ge­tir­di. Ada döw­le­ti Ýew­ro­pa­nyň ýel ener­gi­ýa­sy­ny ön­dür­mek­de iň amat­ly ho­wa şert­le­ri­niň bar bo­lan ýurt­la­ry­nyň bi­ri bo­lan Ang­li­ýa se­bit­de iň köp su­wüs­ti ýel tur­bi­na­sy­nyň bo­lan ýur­dy ha­sap­lan­ýar. Ýur­duň “Na­tio­nal Grid” ener­gi­ýa kom­pa­ni­ýa­sy­nyň mag­lu­mat­la­ry­na gö­rä, ýel be­ket­le­ri şu ýyl 19 mil­li­on öýi ener­gi­ýa bi­len üp­jün edip bil­jek –74 te­ra­wat/sa­gat elekt­rik ener­gi­ýa­sy­ny ön­dü­rip­dir. Re­kord de­re­je­dä­ki önüm­çi­lik ba­ra­da­ky ha­bar tä­ze de­ňi­züs­ti ýel tur­bi­na­la­ry­nyň işe gi­ri­zil­me­gin­den soň­ra mä­lim edil­di. Gel­jek ýy­lyň to­mus aý­la­ryn­da SSE we “To­ta­lE­ner­gi­es” kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň bi­le­lik­dä­ki “Se­ag­re­en” at­ly su­wüs­ti be­ke­di­niň işe gi­ri­zil­jek­di­gi aý­dyl­dy. Bu ýel ener­gi­ýa be­ke­di­niň önüm­çi­lik kuw­wa­ty­nyň 1,1 gi­ga­wa­ta ýet­ýär. Ýur­dyň şu on­ýyl­ly­gyň ahy­ry­na çen­li hä­zir­ki­den üç es­sä çen­li köp önüm­çi­li­giň bol­ma­gy­na ga­ra­şyl­ýar. mu­nuň üçin bol­sa, iti tas­la­ma­lar dur­mu­şa ge­çi­ri­lip, tä­ze re­kord­lar goý­lar. Mu­nuň üçin di­ňe ke­nar­dan uzak­da däl, eý­sem gu­ry ýer­de hem ýel be­ket­le­ri gur­lar.

Gül­ja­han Me­re­do­wa, Türk­men döw­let yk­dy­sa­dy­ýet we do­lan­dy­ryş ins­ti­tu­ty­nyň ta­ly­by