Ýel ener­gi­ýa­syn­da tä­ze sep­gi­de ýe­ti­ler

45

Ge­çen ýyl ýel­den we Gün­den alyn­ýan ener­gi­ýa pu­da­gy­na re­kord de­re­je­de ma­ýa go­ýum gö­nük­di­ri­lip­di. Bi­ler­men­ler bu ösü­şiň do­wam edip, şu ýy­lyň do­wa­myn­da ýel be­ket­le­rin­den alyn­ýan ener­gi­ýa­nyň 1 te­re­wa­ta ýet­jek­di­gi­ni bel­le­ýär­ler. «Wo­od Macken­zie» mag­lu­mat be­riş kom­pa­ni­ýa­sy­nyň taý­ýar­lan mag­lu­ma­tyn­da ýel ener­gi­ýa­sy­na goý­be­ril­ýän ma­ýa go­ýu­myň art­ma­gy bi­len ösü­şiň do­wam et­jek­di­gi bel­le­nil­ýär. Kom­pa­ni­ýa­nyň ýol­baş­çy­sy Lýuk Le­wan­dows­ki ýel be­ket­le­ri­niň önüm­çi­lik kuw­wa­ty­nyň 1 te­re­wa­ta ýet­me­gi üçin 40 ýyl­dan köp wag­tyň ge­rek bo­lan­dy­gy­ny bel­le­ýär. Onuň söz­le­ri­ne gö­rä, gel­jek se­kiz ýy­lyň do­wa­myn­da in­di­ki bir te­re­wat­lyk ösü­şiň bol­ma­gy­na ga­ra­şyl­ýar. Gel­jek on ýy­lyň do­wa­myn­da bol­sa ýel ener­gi­ýa önüm­çi­li­gi­niň 50 gö­te­ri­mi Hy­ta­ýa de­giş­li bo­lar. Bu ýurt­da ýel be­ket­le­rin­den ön­dü­ril­ýän elekt­rik ener­gi­ýa­sy­nyň möç­be­ri her ýyl­da or­ta­ça 80 GW ar­tar. Ýew­ro­pa ýurt­la­ry bol­sa, on ýy­lyň do­wa­myn­da önüm­çi­lik kuw­wa­ty 343 GW bol­jak ener­gi­ýa be­ket­le­ri­ni gur­mak üçin ma­ýa go­ýum öz­leş­di­rer.

Sol­maz SA­DY­KO­WA,
Ýag­şy­gel­di Ka­ka­ýew adyn­da­ky Hal­ka­ra ne­bit we gaz uni­wer­si­te­ti­niň ta­ly­by.